ZÄHERLEME, iş ady. Zäherlemek ýagdaýy.
ZÄHERLEMEK, işl. 1. Janly-jandara zäher
bermek; bir zada zäher gatmak, awy goşmak, bir
zady awulamak. Zyýanly mör-mojekleri zäherlemek.
2. göç.m. Birine erbet söz bilen täsir edip, ters pikire
uýdurmak.
ZÄHERLEMEKLIK, iş ady. Zäherlemek
ýagdaýy.
ZÄHERLEMEZLIK, iş ady. Zäher bermezlik;
zäher goşmazlyk, zäher garmazlyk.
ZÄHERLENMEK, işl. 1. Bir zada zäher
gatylmak, awy goşulmak, awulanmak. 2. Zäher
berilmek; zäher berlip öldürilmek, awulanyp
öldürilmek. 3. göç.m. Biri erbet söz bilen täsir edilip,
ters pikire uýdurylmak.
ZÄHERLEÝJI,
syp.
Zäherläp
öldürýän,
zäherleýän. Zäherleýji jisimler. Zäherleýji gaz.
ZÄHERLI, syp. 1. Düzüminde zäher bar bolan,
awuly. Zäherli ýylan. Zäherli jisim. 2. göç.m. Erbet
täsir edýän ýaramaz söz. Zäherli sözi hergiz-hergiz
diliňize almajak boluň!
ZÄHERLILIK, at. Zäheri barlyk, awulylyk.
ZÄHERSIZ, syp. Düzüminde ýa-da özünde
awusy, zäheri bolmadyk, zäherli däl. Zähersiz ýylan.
ZÄHIM, at. Kesel, şikes, azar. Gyşyň zähmi
bardyr, ýazyň howasy, Ol hem maňa degsin, ýara
degmesin (
Saýatly – Hemra
).
ZÄHMET, at. l. Belli bir maksat üçin adamyň
akyl hem-de beden güýjüni talap edýän iş. 2. göç.m.
Azap, görgi, jepa. Ýeriň zähmetini çekmedik eşret
görmez. 3. Oba ady.
◊ Zähmet bermek birini azara goýmak,
işdengoýmak. Size zähmet berdim. Zähmet çekmek
köp işlemek, köp güýç sarp etmek, azap görmek, jepa
çekmek. Zähmet depderçesi gullukçynyň ýa-da
işçiniň işlän döwrüniň dowamlylygy, alan sylaglary
hem-de işine degişli başga bellikler görkezilýän
depderçesi. Zähmet görmezlik bir işi etmegi, ýerine
ýetirmegi kyn görmezlik. Sen, inim, zähmet görme-
de, bazara gidip gel. Zähmet haky çekilen zähmet
üçin tölenmeli hak, aýlyk. Işleýänleriň zähmet haky
girdejiniň hasabyna barha ýokarlanýar. Zähmet
Do'stlaringiz bilan baham: |