Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ZERUR [zeru:r], syp. Hökmany suratda gerek,  möhüm, derwaýys bolan, gerekli, wajyp, derkar.   ZERURÇYLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet866/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   862   863   864   865   866   867   868   869   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZERUR [zeru:r], syp. Hökmany suratda gerek
möhüm, derwaýys bolan, gerekli, wajyp, derkar.  
ZERURÇYLYK [zeru:rçuluk], at, ser. Zerurlyk. 
ZERURLYK [zeru:rluk], at. Juda gereklilik, örän 
wajyplyk, möhümlik, derkarlyk.
ZERURYÝET [zeru:rýet], at, ser. Zerurlyk
ZERZAW [zerza:w], syp. Gaty agyryly, azary 
alyp barýan. Onuň bütin ýagyrnysy zerzawdy (B. 
Kerbabaýew). 
ZERZAÝA [zerza:ýa], syp. Gaty harap bolan
juda zaýalanan, tutuşlugyna harama çykan. Ýene-de 
bary zerzaýa bolar galar (H. Garabaýew).
ZERZAÝAÇYLYK [zerza:ýaçylyk], at, ser. Zer-
zaýalyk. Zerzaýaçylyga ýol bermäliň. 
ZERZAÝALYK [zerza:ýalyk], at. Bütinleý 
haraplyk, doly zaýaçylyk, has zaýa edilmeklik. 
ZEÝ, at. Ýerasty suwlarynyň gereginden köp 
bolmagy sebäpli ýokary çykýan yzgar, şor.  Zeý suwy. 
ZEÝBENT [zeývent], at. Zeý geçirmezlik üçin 
jaýyň binýadynyň üstünden goýulýan pürs, agaç. 
ZEÝILLI, syp., gepl.d. Kimin, ýaly, dek. Bize 
gereklisi şu zeýilli enjamlar. 
ZEÝIRDÄBERMEK 
[zeýirdä:vermek], 
işl.
Zeýirdäp başlamak. 
ZEÝIRDEME, iş ady. Zeýirdemek ýagdaýy. 
ZEÝIRDEMEK
işl. 
Zeýir-zeýir 
etmek, 
zeýrenmek. 
ZEÝIRDEMEZLIK
iş 
ady. 
Zeýirdäp 
oturmazlyk, zeýirdemekden saklanmak. 
ZEÝIRDEŞMEKişl. Bilelikde zeýirdemek. 
ZEÝIRDETMEK
işl
Zeýirdemegine 
mümkinçilik döretmek, zeýirdemegine ýol bermek. 
ZEÝIRDEÝIŞiş ady. Zeýirdemek ýagdaýy. 
ZEÝIRDI, at. Zeýirdemek arkaly ýüze çykýan 
zeýrenç. 
ZEÝIR-ZEÝIR, s.ş.aňl.söz.,at., ser.Zeýrenilende 
çykýan zeýirdili sesler. Seniň zeýir-zeýriň galmady-
la. 
Zeýir-zeýir etmek zeýrenip gürlemek, 
zeýirdemek. Ol zeýir-zeýir edip, bolan wakany 
gürrüň berdi.  
ZEÝKEŞ, at. Ýeriň artykmaç şor suwlaryny 
çekdirmek, akdyrmak üçin ýörite gazylýan uly ýap.
ZEÝKIR, at. 1. Goýun gyrkylanda, gyrkylyk 
agyrtmaz ýaly başam barmaga saralýan ýüň. 2. 
Barmaga geýdirilýän üç gaşly we üç sany kiçijik 
şelpeli ýüzük. 
ZEÝLEME, iş ady. Zeýlemek ýagdaýy. 
ZEÝLEMEK, işl. Zeýalmak, zeý çykmak, 
şorlamak. 
ZEÝLEMEKLIK, iş ady. Zeýlemek ýagdaýy. 
ZEÝLEŞMEK, işl. Birneme zeýlemek, zeýläp 
başlamak. 
ZEÝLETMEK işl. Zeý aldyrmak, şorlatmak. şor 
suw ýeri zeýledipdir. 
ZEÝLEÝIŞ, iş ady. Zeýlemek ýagdaýy. 
ZEÝLI, syp. Zeýi bar bolan, ýüzüne zeý çykan, 
zeý alan. Zeýli çukur. 
ZEÝLILIK, at. Zeýi barlyk, zeý çekenlik, zeý 
alanlyk. Ýeriň zeýliligi oba hojalygyna köp zyýan 
ýetirýär. 
ZEÝRENÇ, at. Bir zatdan dilgir bolup 
käýinmeklik, bir zada närazy bolup, söz bilen 
bildirilýän nägilelik. 
ZEÝRENÇLI [zeýrenişli], syp. Zeýrenç bilen 
beýan edilýän, zeýrenç bilen syzdyrylýan. Zeýrençli 
gürrüň. 
ZEÝRENÇSIZ [zeýrenişsiz], syp. Zeýrenç 
gatanjy bolmadyk, zeýrenmän. Sen zeýrençsiz hem 
bir gürrüň etsene! 
ZEÝRENDIRMEK 
[zeýrennirmekl, 
işl. 
Zeýrenmegine sebäp bolmak. 
ZEÝRENIŞ, iş ady. Zeýrenmek ýagdaýy. 
ZEÝRENIŞMEK, 
işl. 
Biri-biriň 
bilen 
zeýrenmek. Japbaklar bir gün üýşüp oturyp, öz 
aralarynda zeýrenişdiler (B. Kerbabaýew). 
ZEÝRENJEŇ, syp. Mydama zeýrenip ýören, 
zeýrenip ýörmäge endik eden. Zeýrenjeň adam. 
Zeýrenjeň bolmak gowy däl. 


532 
ZEÝRENJIREMEK, işl. Zeýrenen bolmak, 
çalarak zeýrenmek. Zeýrenjiräp gürrüň bermek. 
ZEÝRENME, iş ady. Zeýrenmek ýagdaýy.
ZEÝRENMEK, işl. Bir zatdan (durmuşyňdan, 
biriniň bolşundan, umuman, hal-ýagdaýyňdan we 
ş.m.) nägileligiň hakynda gürlemek. Akylsyzlar akyl 
gözlär, zeýrener, Akyl bolan diýer: 

Aklym köp bolsa

 
(Magtymguly). Bu bagt üçin sen zeýrenmän, Alkyş 
aýt kysmatyňa (G. Ezizow). 
Zeýrenmek zeýren(mek) gepl.d. gaty 
zeýrenmek. Ol ýanymda oglundan, diýip-aýdar ýaly 
däl, şeýle bir zeýrenmek zeýrendi, oňa özümiňem 
ýüregim awap gitdi.  
ZEÝRENMEKLIK, iş ady. Zeýrenmek ýagdaýy. 
ZEÝTUN, [zeýtu:n], at. 1. Howasy yssyrak 
ýerlerde ösýän hemişe gök salyp oturan agaç. 
Daýhanlar kärendesine alan ýerlerinde zeýtun 
agajyny ekdiler. 2. Şol ösümligiň miwesi.
ZÄHER, at. 1. Zäherlenme döredýän, öldürýän 
jisim, awy. Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher (Nakyl). 
2. göç.m. Bir zadyň ajy, ýiti, ýaramaz täsiri, oňaýsyz 
täsir edýän zat. Şekerlikden zäher boldy sözlerim, 
Zagpyran dek sargarypdyr ýüzlerim (Magtymguly). 
3. göç.m. Bir zada gahar bildirilip aýdylýan gargyş 
sözi. Zäher etdiňmi, ýok bol gözümiň öňünden, 
görünme (A. Durdyýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   862   863   864   865   866   867   868   869   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling