Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet862/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   858   859   860   861   862   863   864   865   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZAT [za:t] II, at, k.d. Adamyň, bir zadyň asyl 
gelip çykyşy, asly, esasy, ýerligi. Hasan ogluň münen 
aty, Ajap kandan bolan zaty (

Görogly

). Jöwher 
tuwulgany bozardy kürsi, Zaty jöwher paltam, indi 
gal indi (Magrupy). 
ZAT [za:t] III, 1. Arap elipbiýiniň on bäşinji 
harpynyň ady. 2. Ebjet hasaby boýunça sekiz ýüz 
(800) sany aňladýar. 
ZAW [za:w], at. 1. Dagda deräniň gutaran 
ýerindäki uçut, kert ýer. Kimsi depäniň üstüne 
abanyp duran çalbaş dagyň mähnet zawlaryna 
haýran galyp bakýar (A. Durdyýew). 2. Köwek. 
Ýeriň arkasynda, gençli daglarda, Aždarha eýelär 
zawuň ýagşysyn (Magtymguly). 3. Oba ady. 
ZAÝA [za:ýa], syp. 1. Ynjamak, dymyljamak 
sebäpli ulanmaga ýaramaýan, isrip edilen, harap 
bolan. 2. Biderek, manysyz. Tohum sal, orar sen
geldiň bu jaýa, Ömrüňi geçirme beýhuda zaýa 
(Magtymguly). Zaýa geçen ömür haýsy? – diýip 
soradylar (

Watan

) 3. göç.m. Ahlak taýdan bozuk, 
ýoldan çykan, azan. Zaýa adam özüňe belli. 
ZAÝAÇYL [za:ýaçyl], syp. Her bir zady zaýa 
edegen. 
ZAÝAÇYLYK [za:ýaçylyk], at. Zaýa edilmegiň 
netijesi, yrýa, isrip bolmaklyk. Sähel bir ýalňyşlyk 
goýberseň, giden bir zaýaçylyk (R. Gelenow). Olar 
ylaýta-da 
aýallardan, 
çagalardan 
zaýaçylyk 
bolmagyndan ätiýaç edýärdi (Ý. Mämmediýew).
ZAÝALABERMEK 
[za:ýala:vermek], 
işl. 
Zaýalap başlamak. 
ZAÝALAMA [za:ýalama], iş ady. Zaýalamak 
ýagdaýy. 
ZAÝALAMAK [za:ýalamak], işl. 1. Ulanmaga 
ýaramsyz etmek; harama çykarmak, yrýa etmek, isrip 
etmek. Nahary zaýalamak bolmaz. 2. Hatardan 
çykarmak, uly zyýan ýetirmek; döwmek, bozmak. 
Ýigitler biri-biriniň yzyndan ýerlikli usul tapyjylyk 
hem çalasyn hereket etmek bilen duşmanlaryň agyr 
ýygnyny zaýaladylar (A. Gowşudow). 3. göç.m. 
Gyzlyk namysyna degmek, gyzlyk mertebesini 
basgylamak. 4. Ýoldan çykarmak, ýaramaz ýola 
itermek. Neşe öwredip, ýoldaşlary ojagaz oglany hem 
zaýalapdyrlar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   858   859   860   861   862   863   864   865   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling