Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet875/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   869   870   871   872   873   874   875   876   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZYNJYRLAMA, iş ady. Zynjyrlamak ýagdaýy. 
ZYNJYRLAMAK, işl. Zynjyr bilen baglamak
zynjyr bilen daňmak, zynjyr salmak. 
Zynjyrlaýmaly bolmak däliremek, akylyndan 
azaşmak. Ýöne muny zynjyrlaýmaly bolaýmasa 
ýagşydyr (A. Gowşudow). 
ZYNJYRLAMAKLYK, iş ady. Zynjyrlamak 
ýagdaýy. 
ZYNJYRLANMAK, 
işl. 
Zynjyr 
bilen 
baglanmak, zynjyr salnyp bent edilmek, daňylmak. 
Aýagy zynjyrlanan at adam garasyny görüp, çalaja 
kişňedi (G. Kulyýew). 
ZYNJYRLAŞMAK, işl. Zynjyr bilen baglamaga 
kömekleşmek. 
ZYNJYRLATMAK, işl. Zynjyr bilen baglatmak, 
zynjyr saldyryp bent etdirmek, daňdyrmak. Ýarak 
itleri zynjyrlatmak. 
ZYNJYRLAÝYŞ, iş ady. Zynjyrlamak ýagdaýy. 
ZYNJYRLY, syp. 1. Zynjyr bilen baglanan
zynjyr salnyp bent edilen. Boýny zynjyrly özüne 
üýrüp duran ak iti gördi (A. Durdyýew). 2. Zynjyr 
arkaly hereket edýän. Kärendeçi şu ýyl zynjyrly 
traktor satyn aldy. 
ZYNHAR [zynha:r], hal, k.d. Asla, hergiz, hiç 
wagt, hiç haçan. Gadam goýma taýýar ýerlere zynhar 
(Sopy Allaýar). Ýykmak ony bil, günählerniň başy, 
Mümin erseň, kylma zynhar bu işi (Döwletmämmet 
Azady). Adam ogly, zynhar häzir bolawer, Nebsi-
şeýtan saňa sürnüp durupdyr (Magtymguly). 
ZYNHARLAMA 
[zynha:rlama], 
iş 
ady. 
Zynharlamak ýagdaýy. 
ZYNHARLAMAK [zynha:rlamak], işl. 1gepl.d
Bir zady özelenip haýyş etmek, zarynlap sargamak. 
– Beýtmesene, meniň maslahatyma-da ýekeje gezek 
gulak salsana – diýip, Haýdar zynharlap ýalbardy 
(N. Jumaýew). 2. Zarynlamak, bir hili ejizlän ýaly 
bolmak. Baý, Köse zynharlaýarsyň-ow (

Görogly

). 
ZYNHARLAÝYŞ 
[zynha:rlaýyj], 
iş 
ady. 
Zynharlamak ýagdaýy. 


539 
ZYŇDYRMAK, işl. 1. Zyňmaga mejbur etmek
batly oklatmak. Çüýşe döwüklerini zibilhana 
zyňdyrdyk. 2. göç.m. Ýaramaz endigini, gylyk-
häsiýetini we ş.m. goýdurmak, bes etdirmek
taşlatmak.
ZYŇMA, iş ady. Zyňmak ýagdaýy. 
ZYŇMAK, işl. 1. Bir zady, mysal üçin, kesegi, 
daşy we ý.m. eliňi aýlap batly oklamak, atmak. 2. 
Harap bolan, zaýalanan ýa-da derde ýaramaýan 
zatlary aýryp taşlamak. Bu gün geler, erte geler bilen 
güllerine suw sepip, iki-üç günläp saklasa-da, ahyry 
zyňmaly boldy (N. Pomma). 3. Ýüz döndermek, bes 
etmek, goýmak, taşlamak. Ýaltalygy zyňmak üçin, 
Kynçylygy ýeňmek üçin, Tutanýerli bolgun, inim! (A. 
Salyh). 4. Batly towusmak, bökmek. Ol ýatan 
ýerinden aýratyn bir güýç bilen ýokaryk zyňdy.Olaryň 
näzik aýaklarynyň aşaklary ýaýly ýaly bolup, diriň-
diriň her bökende, ýigrimi ädimden artyga zyňýana 
meňzedi (B. Kerbabaýew). 5. Ahyryna çenli
ýetirmän, dowam etdirmän taşlamak, goýbolsun et- 
mek. Jaýyň boýuny ýetirmän zyňyp gidäýdiler.  
ZYŇMAKLYK, iş ady. Zyňmak ýagdaýy. 
ZYŇŇYLDAMA 
[zyňňyllama], 
iş 
ady. 
Zyňňyldamak ýagdaýy. 
ZYŇŇYLDAMAK 
[zyňňyllamak], 
işl. 
Zyňňyldyly ses çykmak, zyňňyldyly seslenmek. 
Çybynyň zyňňyldysy. 
ZYŇŇYLDAŞMAK [zyňňyllaşmak], işl. Köp 
bolup zyňňyldyly ses çykaryşmak, bilelikde 
zyňňyldamak. Çybynlar peşehananyň daşynda 
zyňňyldaşýardylar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   869   870   871   872   873   874   875   876   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling