Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ZORLAMA [zo:rlomo], iş ady. Zorlamak  ýagdaýy.  ZORLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet872/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   869   870   871   872   873   874   875   876   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZORLAMA [zo:rlomo], iş ady. Zorlamak 
ýagdaýy. 
ZORLAMAK [zo:rlomok], işl. 1. Güýç bilen bir 
zady etmek, zorluk etmek, bir zat etmäge mejbur 
etmek. Sen özüň keýpihon gidýärmiň ýa agaň zorlap 
iberýämi? (B. Kerbabaýew). 2. Güýç ulanmak bilen 
aýal-gyzlaryň namysyna degmek. 
ZORLANMAK [zo:rlonmok] I, işl. 1. Zor 
edilmek, güýç bilen etdirilmek, zorluk edilmek, 
mejbur edilmek. 2. Zorluk bilen namysyna degilmek 
(aýal-gyzlar hakynda).
ZORLANMAK [zo:rlonmok], II, işl. Suwy 
azalyp duzly bolmak, duzy artmak, güýçlenmek 
(nahar hakynda). Çorba birneme zorlanypdyr. 
ZORLUK [zo:rluk], at. 1. Adama edilýän jebir-
jepa, sütem, zulum. 2. Güýç, kuwwat, güýçlülik, 
kuwwatlylyk. 
Zorluk etmek gynamak, horlamak, sütem, 
zulum etmek, jebir çekdirmek. Eger zorluk etjek 
bolsa, Ýumrugy birden salmaly (Ç. Aşyrow). 
ZORLURAK [zo:rlura:k], syp. Azda-kände 
zorly, duzlurak. Nahar zorlurak bolupdyr. 
ZORLY [zo:rly], syp. 1. Duzy köpräk atylan, 
duzy artygrak düşen, duzly, güýçli (naharyň tagamy 
hakynda). 2. Güýç-kuwwaty bar bolan, edenli. Ol 
güýç zorly ellerde, Polat, demir eredýär (A. 
Kowusow). 
ZORRUK, syp. 1. Ýogyn, güýçli, gödek (ses 
hakynda). Zorruk ses. 2. göç.m. Gorkak, bolgusyz, 
züwwetdin. Aý, sen-ä bir zorruk ekeniň! 
ZORUGYŞ [zo:ruğuş], iş ady. Zorukmak 
ýagdaýy. 
ZORUKMA [zo:rukmo], iş ady. Zorukmak 
ýagdaýy. 
ZORUKMAK 
[zo:rukmok], 
işl.
ser
Zorlanmak IINaharyň soňy zorugypdyr. 
ZORUKMAKLYK [zo:rukmokluk], iş ady. 
Zorukmak ýagdaýy. 
ZORZEMIN [zo:rzemi:n], at. Ýylandodak 
atlandyrylýan derman otuň bir görnüşi. 
ZOW: zow deşik gepl.d. öte sadalygy sebäpli 
içinde gep ýatmaýan adam, hazzyk. 
ZOWAL [zowa:l], at. 1. Päsgelçilik, garşylyk, 
bökdenç, zyýan. Kylma sen men-menlik weli, Her 
dem ýeter ýüz müň zowal (

Melike Dilaram

). 2. 
Hasap, hasabat. 3. Betbagtçylyk, heläkçilik. Çopan, 
amanatyň gel, al! Emma oguzyň başyna zowal 
getirdiň – diýdi (

Kitaby dedem Gorkut

). 4. gepl.d. 
Igenç. Şundan saňa zowal gelmez. 
ZOWALSYZ 
[zowa:lsyz], 
syp., 
gepl.d 
Päsgelçiliksiz, garşylyksyz, bökdençsiz, zyýansyz. 
Daýhanlar indi öz işini hiç bir zowalsyz ýöredip 
bilýärler. 
ZOWK, at, kön.s. Keýp, sapa, lezzet, eşret; 
hyjuw, höwes. Zowkum köpdür nirde ýagşy zat bile 
(Seýdi). 
ZOWKY-SAPA [zowku-sapa:], at. Keýpi-sapa, 
aýşy-eşret, lezzet. Gutarmagyl gelen zowky-sapany, 
Bikär gezip, ömrüň ýele sowurma! (Mätäji). Ahyr 
zowky-sapa süren Müminler ötdi dünýäden (

Gül – 
Senuber

). 
ZOWLADYBERMEK [zowloduvermek], işl. 
Bogazyňa sygdygyndan gygyryp başlamak, zowladyp 
başlamak. – Aý, pylan çopan, how, goýnuňy gurt aldy, 
how! – diýip zowladyberýär (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
ZOWLADYŞMAK [zowloduşmok], işl. Birnäçe 
bolup zowlatmak, bilelikde zowlatmak, üýşüp 
gygyryşmak. Ýogyn sesleri bilen zowladyşyp, 
aglaşmalaryny goýup, göz ýaşlaryny süpürdiler (A. 
Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   869   870   871   872   873   874   875   876   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling