Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ZOWLAMA [zowlomo], iş ady. Zowlamak  ýagdaýy.  ZOWLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet873/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   869   870   871   872   873   874   875   876   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZOWLAMA [zowlomo], iş ady. Zowlamak 
ýagdaýy. 
ZOWLAMAK [zowlomok], işl.  Ýogyn ses bilen 
dowamly seslenmek. 
ZOWLAMAKLYK [zowlomokluk], iş ady. 
Zowlamak ýagdaýy. 
ZOWLATMAK [zowlotmok], işl. Bokurdagyňa 
sygdygyndan gygyrmak, gaty sesli gygyrmak. Ol 
aýdyma zowladyp ugrady. 
ZOWLAÝYŞ [zowloýuş], iş ady. Zowlamak 
ýagdaýy. 
ZOWWAM [zowwa:m], syp.1. Bir ugurly, göni 
geçýän, gös-göni gidýän, dogry. Bu gara ýol 
ilerligine zowwam geçip gidýär. 2. Sogup çykýan, 
dowamly (ses hakynda). Otlynyň zowwam owazyny 
her säher eşidýäris. 
ZOWWAM-ZOWWAM [zowwa:m-zowwa:m], 
syp.,ser. Zowwam 1. Anha, gyrasy derekli, 
garagaçly, tally, tutly zowwam-zowwam köçeler 
terslin-oňlyn geçişip kesişýärler (N. Esenmyradow). 
ZOWZANAKLAMA [zowzonoklomo], iş ady. 
Zowzanaklamak ýagdaýy. 
ZOWZANAKLAMAK [zowzonoklomok], işl., 
ser. Zowzuldamak. Ol zowzanaklap durşuna bir 
agyz hem söz gaýtarman çykyp gitdi. 
ZOWZANAKLAMAKLYK 
[zowzonok-
lomokluk], iş ady. Zowzanaklamak ýagdaýy. 
ZOWZANAKLAŞMAK [zowzonokloşmok], işl. 
Birnäçe adam bolup zowzanaklamak. Näme beýle 
zowzanaklaşyp ýörsüňiz. 
ZOWZANAKLATMAK 
[zowzonoklotmok],
işl. 
Alňasatmak, 
oda-köze 
düşürmek, 
ynjalyksyzlandyrmak. 
ZOWZANAKLAÝYŞ [zowzonokloýuş], iş ady. 
Zowzanaklamak ýagdaýy.


536 
ZOWZULDAMA 
[zowzullomo], 
iş 
ady. 
Zowzuldamak ýagdaýy. 
ZOWZULDAMAK [zowzullomok], işl. Aýagyň 
bişen ýaly, oda-köze düşüp ýörmek, howsalaly, 
aladaly hereket etmek, ynjalyksyz ýagdaýda 
alňasamak, zowzanaklamak, sazanaklamak. Girer, 
çykar zowzuldar, belli bir iş bitirmez (Mätäji). 
ZOWZULDAMAKLYK [zowzullomokluk], iş 
ady. Zowzuldamak ýagdaýy.
ZOWZULDAŞMAK 
[zowzulloşmok], 
işl. 
Birnäçe adam bolup zowzuldamak, bilelikde 
zowzuldamak. 
Olar 
nirede 
oturyp, 
nirede 
turýanlaryny bilmeýärdiler, zowzuldaşyp bir içeri 
girýärdiler, bir daşary çykýardylar (B. Seýtäkow).
ZOWZULDATDYRMAK [zowzullotdurmok], 
işl., ser. Zowzyldatmak.
ZOWZULDATMAK 
[zowzullotmok], 
işl. 
Zowzuldamaga mejbur etmek, zowzuldar ýaly 
ýagdaýa salmak. 
ZOWZULDAÝYŞ [zowzulloýuş], iş ady. 
Zowzuldamak ýagdaýy.
ZÖHRE [zöhrö], at. 1. Gün sistemasyna degişli 
ýyldyzlaryň biriniň ady. Dogdy asmanyň Zöhresi, 
Çyn aşyga döwran bu gün (Magtymguly). 2. Gyza 
dakylýan at.
ZÖMMEK [zömmök], syp. Ujy, depesi çürelip 
duran, dik, çüri. Zömmek şypyrma. 
ZÖMMERILMEK [zömmörülmök], işl. Çürelip 
durmak, çürelip görünmek. Indi şol jülgäniň goşa 
depesi, Bu ýerde zömmerlip galypdyr diňe (A. 
Kowusow).  
ZÖMMERIŞ [zömmörüş], iş ady. Zömmermek 
ýagdaýy. 
ZÖMMERIŞMEK 
[zömmörüşmök], 
işl. 
Zömmek-zömmek bolup durmak, uçlary çürelişip 
durmak ( köp zat hakynda). Obanyň içindäki ululy-
kiçili howlular zömmerişip görünýärdiler.  
ZÖMMERME 
[zömmörmö], 
iş 
ady. 
Zömmermek ýagdaýy. 
ZÖMMERMEK [zömmörmök], işl. Ýokarsy 
çürelip durmak, dik görünmek, gitdigiçe çürelmek. 
Uzakda bir zat zömmerip görnüp başlady. 
ZÖMMERMEKLIK [zömmörmöklük], iş ady. 
Zömmermek ýagdaýy. 
ZÖMMÖRTMEK [zömmörtmök], işl. Zömmek 
edip goýmak, zömmek edip geýmek, dik geýmek. 
Telpegiňi zömmerdip nirä gelýärsiň? 
ZÖRLEDIŞ [zörlödüş], iş ady. Zörletmek 
ýagdaýy.
ZÖRLEDIŞMEK [zörlödüşmök], işl. Birnäçe 
bolup bilelikde zörletmek. 
ZÖRLETME [zörlötmö], iş ady. Zörletmek 
ýagdaýy.
ZÖRLETMEK [zörlötmök], işl. Möňňürip 
aglamak, uly iliň bilen aglamak. Öýüň şatyrdysy 
ýüregine düşen Nurjahan bogazyna sygdygyndan 
zörledesi gelýärdi (B. Kerbabaýew).
ZÖRLETMEKLIK [zörlötmöklük], iş ady. 
Zörletmek ýagdaýy. 
ZÖWÜK, at. Bir çapraz ýüplügiň ýa-da ýüpegiň 
leklekide saralan altydan ýa-da sekizden bir bölegi. 
Bir zöwük ýüpek. 
ZÖWWE [zöwwö] : zöwwe galmak (turmak) 
birden aýak üstüne galmak, tarsa ýeriňden turmak. 
Çary zöwwe ýerinden galdy-da, ýüzüme jüýjerip 
bakdy (H. Garabaýew). 
ZÖWZÜLDEME 
[zöwzüllömö], 
iş 
ady. 
Zöwzüldemek hereketi. 
ZÖWZÜLDEMEK [zöwzüllömök], işl., ser. 
Zowzuldamak. 
ZÖWZÜL-ZÖWZÜL : zöwwül-zöwwül etmek 
ser. Zöwzüldemek. Aladasy köp bolany sebäpli, bir 
ýerde karary ýok, ýöne zöwzül-zöwzül edip girip-
çykyp ýör. 
ZÖWZÜLDEME 
[zöwzüllömö], 
iş 
ady. 
Zöwzüldemek hereketi. 
ZULMAT [zulmot], at, k.d. Tümlük, garaňkylyk. 
Ýagty salar gider zulmat tününde (Magtymguly). 
ZULMAÝY [zulma:ýy], syp. Uzyndan inçe, 
näzik, gelşikli (barmak hakynda). Zulmaýy barmak. 
ZULUM at. 1. Ynsana çekdirilýän ezýet, jepas, 
jebir, sütem. Ne zulmatdyr, kamar şöhlesin salmaz 
(Magtymguly). Kemine diýr, geler bir gün şum ölüm, 
Kimsäge toý-baýram, kimsäge zulum (Kemine). 
Ülkäni 
eýläpdir 
zulumdan 
halas 
(K. 
Gurbannepesow). 
 Zulum etmek horlamak, gynamak, jebir, sütem 
etmek. Ejize zulum etmek namardyň işi (Halk 
döredijiliginden). Zulum görmek horluga, süteme 
sezewar bolmak, jebir çekmek. Aşyk olan gaçmaz 
ança zulumdan (

Gül – Bilbil

). Aşyk bir zulum 
görmese, Aýra düşermi ýaryndan? (Mollanepes). 
Zulum çekmek ser. Zulum görmek. Zulum 
çekýänleri etjek bolsaň şat, Batyr işiň görsün bütin 
adamzat (R. Seýidow). 
ZULUMDAR [zulumda:r], at, ser. Zulumkeş. 
ZULUMDARLYK [zulumda:rlyk], at, ser. 
Zulumkeşlik. 
ZULUMKEŞ syp. Zalym, zulumkär, jepa, sütem 
beriji, zulum ediji.
ZULUMKEŞLIK at. Zulumkärlik, zulum 
edijilik, jepa berijilik, sütemkeşlik, zalymlyk. 
ZULUMLY syp. Zulum edijilikli, sütemli, 
horlukly, jebirli, jepaly. Öňler halkymyz zulumly 
durmuşda ýaşaýardy. 
ZUT [zu:t]: zut gitmek çalasyn, örän çalt gitmek. 
Ol telpegini eline aldy-da, jaýdan zut çykyp gitdi. 
ZUWALA [zuwa:la], at. Aş kesmek üçin 
hamyryň ujundan ýolnup alnan kiçiräk bölek. Ol iki 
zuwala hamyry ýaýyp, aş kesdi. 
ZÜLAL [züla:l], syp., k.d. Päk, arassa. Bolma 
hursant bu çagyma, Dil uzatma zülalyma (

Tulum 
Hoja

).
ZÜLP I, at. Aýal-gyzlaryň iki çekgesinden 
towlap goýberýän saçy. Seýkin basyp, zülpün tutup, 
Geler sallana-sallana (Kätibi). Mährijemal dört 
ýaşyny dolduran wagty ýeňsesinden çokul, iki 
çekgesinden zülp we alyn saç goýlupdy (A. 
Gowşudow).


537 
ZÜLP II, at, gepl.d. Gabsa, derwezä we ş.m. 
kakylýan halka görnüşli ildirgiç. Ikinji gezek bat bilen 
depilende gabsanyň zynjyra zülpi jyňňyrdap zyňlyp 
gitdi (B. Kerbabaýew). 
ZÜLPE [zülpö], at. Düýäniň öýken keseli. 
Düýäni zülpe keselinden saplamak üçin duzly arpa 
berdiler. 
ZÜLPÜKAR [zülpüka:r], at, kön.s. 1. Hezreti 
Alynyň gylyjynyň ady. 2. Şahyr. Kesgir gylyç. Arap 
at, ýowly ýigide, Almaz zülpükar gerekdir 
(Magtymguly). 
ZÜMERRET [zümörröt], at. Açyk ýaşyl reňkli 
gymmatbaha daş. Dokuz goýun, bir öküz, Toýluk 
geler, leýeran, Altyn-kümüş, zümerret, Boýluk geler, 
leýeran (Toý aýdymy). Bizdenki ýüzüň sowup, ka 
ýan, ka ýan bakar sen, Altyn-kümüş, zümerret dal 
gerdene dakar sen (Kemine). 
ZÜNNAR [zünna:r], at, k.d. Guşak. Jigerin 
daglaý-daglaý, 
Zünnaryn 
baglaý-baglaý 
(Magtymguly). 
ZÜRRELIŞ [zürrölüş], iş ady. Zürrelmek 
ýagdaýy. 
ZÜRRELME [zürrölmö], iş ady. Zürrelmek 
ýagdaýy. 
ZÜRRELMEK [zürrölmök], işl. Depesi ýa-da 
bir ujy inçelip, çowlanyp gitmek, ýokarsy çüri 
bolmak. Ýes-ýekeräk bir ýan çetde, Zürrelip dur 
garaja öý (B. Kerbabaýew).
ZÜRRELTMEK [zürröltmök], işl. Depesini ýa-
da bir ujuny inçeltmek, çüreltmek, zömmertmek. 
ZÜRRÜK syp. Ýokarsy çüri, çowly, aşagy 
gabarak görnüşli. Görseler, olaryň düşlän ýerine 
golaý çolaja bir ýerde zürrüjek garaja öý oturan eken 
(B. Kerbabaýew). 
ZÜRÝAT [zürýa:t], at. Ogul-gyz, çaga, perzent.
ZÜWWETDIN [züwwötdüýn], syp. 1. Gorkak. 
Annagula köpçüligiň ýene bir dakan ady züwetdindi 
(A. Durdyýew). 2. Baryp ýatan, tüýs. Tüýs 
züwwetdin ýalançydy. 
ZÜWWETDINLIK [züwwötdüýnlük], at. Baryp 
ýatan gorkaklyk. 
ZYBA [zy:va:], syp. 1. Görmegeý, gelşikli, 
owadan, gözel. Zer geýip, zyba ýörişli, Sapaly 
jaýlara geldim (Talyby). 2. Gyza dakylýan at. 
ZYBALYK 
[zy:va:lyk], 
at. 
Görmegeýlik, 
gelşiklilik, owadanlyk, gözellik. Hulky-hoýuňy, bu 
husnuňy, bu zybalygyny, Bir nazar görse, bolar 
Ýusuby Kengan sadaga (Seýdi). 
ZYBAN [zyva:n], at, şahyr. Dil, söz, sözleýiş. Il-
günüme 
bagş 
etdim, 
Zyban 
içre 
asalym 
(Magtymguly). 
ZYBRYM [zyvrym], syp. Sap, bütinleý, tükel, 
durşuna, tutuş. Ol zybrym bäşlik okaýar. 
ZYBYK [zyvyk]: zybyk jahyl men diýen ýigit. 
ZYBYRDAMA 
[zyvyrdama], 
iş 
ady. 
Zybyrdamak ýagdaýy. 
ZYBYRDAMAK [zyvyrdamak], işl. 1. Sesli çalt 
ýöremek, çalasyn hereket etmek, dazlap gitmek, 
dazyrdamak. Kimdir biri zybyrdap geçib-ä gitdi. 2.
Tiz, çalt geplemek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   869   870   871   872   873   874   875   876   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling