Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet876/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   869   870   871   872   873   874   875   876   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ZYŇŇYLDATMAK [zyňňyllatmak], işl. Bir 
zady zyňňyldamaga mejbur etmek, zyňňyldyly ses 
çykartmak. 
ZYŇŇYLDAÝYŞ 
[zyňňyllaýyş], 
iş 
ady. 
Zyňňyldamak ýagdaýy. 
ZYŇŇYLDY 
[zyňňylly], 
at. 
Çybynlaryň 
çykarýan sesiniň ady. 
ZYŇŇYRDAMAK, işl. Zyňňyrdyly ses çykmak, 
zyňňyrdyly seslenmek. Olar ýöränlerinde şelpeleriň 
zyňňyrdysy çalaja eşidilýän ýaly bolýardy. 
ZYNNYRDAŞMAK, 
işl. 
Birnäçe 
zat 
zyňňyrdamak. Telefonlar zyňňyrdaşdy. 
ZYŇŇYRDATMAK, işl. Metaldan bolan zatlary 
biri-birine degrip, zyňňyrdyly ses çykartmak. 
ZYŇŇYRDY, at. Jaňjagazdan, metal gaplardan 
we ş.m. çykýan sesiň ady. 
ZYŇYBERMEK [zyňyvermek], işl. Yzly-yzyna 
zyňyp başlamak. 
ZYŇYLMAK, işl. 1. Uzaga düşürmek üçin batly 
oklanmak, dazyrdadyp goýberilmek. Ýabyň içinden 
çykarylyp, raýyşdan zyňlan palçyklar doňup, bir-
biriniň üstünde dagyň daşy ýaly bolup ýatyrdy (B. 
Seýtäkow). 2. Atylyp goýberilmek, aýrylyp 
taşlanmak, aýrylmak. Zaýalanan we ynjan zatlaryň 
hemmesi zibilhana zyňyldy. 
ZYŇYNDY 
[zyňynny], 
at. 
Derege 
ýaramaýanlygy üçin zyňlan zatlar, taşlandy. Emma bu 
demir gyryndysy zyňyndy däl ekeni (A. Atajanow). 
ZYŇYŞ, iş ady. Zyňmak ýagdaýy. 
ZYŇYŞDYRMAK, 
işl. 
Dumly-duşa 
ýaýradyşdyrmak, taşlaşdyrmak, oklaşdyrmak. Ol 
elindäki pamyklaryny tertipsiz zyňyşdyrdy-da, hiç 
kime, hiç zada seretmän, gapa tarap ylgady (B. 
Seýtäkow). 
ZYŇYŞMAK, işl. 1. Zyňmaga kömekleşmek. 
Jaý gurýan ussa kerpiç zyňyşmak.2. Bilelikde 
zyňmak, oklaşmak, taşlaşmak. 2. Biri-biriňe zyňmak, 
oklamak. Olar iki topar bolup, gar zyňşyp 
barýardylar (B. Annageldiýew). 3. Zyňmakda 
ýaryşmak. Kesegi daşa zyňyşmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   869   870   871   872   873   874   875   876   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling