Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


hamyr ýaly kineli. Ýüzi ak esgä dönmek


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet840/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   836   837   838   839   840   841   842   843   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

hamyr ýaly kineli. Ýüzi ak esgä dönmek ser. Ýüzi 
ak tam bolmakgorkmak, gaty gaharlanyp, ýüzi 
üýtgemek, ýüzünde gan-pet galmazlyk. Onuň şol 
wagtky bolşuny söz bilen aýdyp görkezmek hem aňsat 
däl, ýöne onuň reňki öçüp, ýüzi ak tam bolupdyr (A. 
Gowşudow). Ýüzi boz-ýaz bolmak duýdansyz bir 
ýagdaýda erbet utanmak, ýüzüň bir agaryp, bir 
gyzarmak, utanmak, uýalmak. Ýüzi dalak ýaly gaty 
üşän. Ýüzi durlanmak owadanlanmak; sagadyna 
çykmak. Ýüzi galyň aýdylany-diýleni ýüzüne 
almaýan, utanmazak (adam). Ýüzi gamaşmak 1) 
gaharly, nägile görnüşde bolmak, keýpiň uçmak. 
Onuň ýüregi gahar-gazap bilen doldy, ýüzi gamaşdy 
(A. Gowşudow). 2) howa bulutlaşmak. Howanyň ýüzi 
gamaşdy. Ýüzi gara keçe ýaly utançsyz, haýa-
şerimsiz. Ýüzi gaýtmak 1) ýüzi zaýalanmak, 
kütelmek (pyçak, palta we ş.m. hakynda). 2) 
guramak, solmak (ot hakynda); Heniz-ä otuň ýüzi 
gaýdar ýaly däl (N. Pomma). 3) alyjysy azalmak, 
kynlyk bilen geçmek, gadyrsyzlanmak (haryt 
hakynda). Bazarda ol matalaryň hem ýüzi gaýdypdyr, 
pes bahadanam alanoklar. 4) birneme gutulyşmak, 
gowulaşmak (garamyk, gyzamyk ýaly örgünli 
keseller hakynda). Ýüzi, gözi diýmezlik ýüzbe-ýüz, 
garşyma-garşy bolmaklyk. Ynha, özi bar, ýüzi, gözi 
diýemok, aýtsyn, munuň dilegini bitirmedik wagtym 
barmy? Ýüzi gyzarmak utanmak.Ýüzi kölegesiz 
juda sary, çypar (adam hakynda). Ýüzi salyk 


515 
gaýgyly, tukat görnüşli, öýkeli, gamly. Onuň öňki 
şatlygy ýok, ýüzi örän salyk. Ýüzi suwly 1) täze, 
entek könelmedik. 2) nurana. Bu adam bir ýüzi suwly
kethuda kişi ekeni. Ýüzi täzelenmek guratlanmak, 
sagdynlaşmak. 
Ýüreklerine 
kuwwat 
gelip, 
damarlarynda gan ýöredi, adamlaryň ýüzleri 
täzelendi (A. Gowşudow). Ýüzi tuwakly (ýaly) 
utanjaň, haýaly, edepli. Ýüzi üç ýuwlan ak esgä 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   836   837   838   839   840   841   842   843   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling