Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet839/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   835   836   837   838   839   840   841   842   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Ýüz bermek 1) gowy kabul etmek. Ol biziň ýüz 
berenimize begenip, örän içgin gürleşdi (N. Pomma). 
2) bolmak, bolup geçmek (waka hakynda). Ýüz beren 
waka. Ýüz bermezlik gadyrsyz garşylamak, sowuk-
sala gatnaşyk etmek, özüňe öwrenişdirmezlik. Ýüz 
çytmak gahar, öýke we ş.m. zerarly, nägileligiňi 
bildirmek. Ýüzden perdäni syrmak 1) utanjy, utanç-
haýany taşlamak; 2) paş bolmak, aýan bolmak, 
syrynyň üsti açylmak. Ýüz döndermek aragatnaşygy 
kesmek, birinden el çekmek, dänmek; boýun 
towlamak, ýüzüňi sowmak. Sen üstüňe gelen 
bagtdanýüz dönderme! (B. Kerbabaýew). Ýüze 
çykarmak äşgär etmek, aýan etmek, üstüni açmak, 
aýdyňlaşdyrmak. Ýüze çykmak peýda bolmak, 
emele gelmek, äşgär bolmak, döremek. Ýüze 
tutarlygy ýok derde ýaramaýan, ugursyz edilen
ýaramaz ýerine ýetirilen, ýaramaz. Onuň alyp gelen 
zadynyň ýüze tutarlygy ýok. Ýüz gören öň durmuşa 
çykan (ýaş aýal maşgala). Ýüz gören diýmeseň, 
maşgala kemi ýok Ýüz görmek hakyky zady dogry 
ýüzüne aýdyp bilmezlik, ýüzden geçip bilmezlik. Ýüz 
göreniň ýüzi gursun (Nakyl).Ýüz görşer ýaly 
bolmazlyk Olar şeýle bir gaty tersleşipdirler, o 
dünýe, bu dünýe ýüz görşer ýaly bolmandyrlar.Ýüz 
görüp, gapyrga syrma adamdan ýüz görüp, etjegiňi 
etmän oturma. Ýüzi açyk açyk göwünli, mylakatly, 
güler ýüzli, mähirli, ýakymly. Ýüzi açylmak 1) köp 
adamlar bilen aragatnaşyk edip, çekinjeňligi, 
ýygralygy taşlamak. Biraz ýüzi açyldy, sowalyny 
gaýtalady (B. Kerbabaýew).2) özüni biynjalyk edýän 
zat ýok bolup, ýüz-gözi ýagtylmak. Mylaýym söze 
gamaşyp duran ýüzi açyldy. Ýüzi ajan (turşan) 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   835   836   837   838   839   840   841   842   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling