5. göç.m. Bir maksada gönükdirilen ýörelge.
Ýola atarmakser. Ýola salmak. Oljasy
Ballynyň göwnün göterdi, Atlylaryň baryn ýola
atardy (A. Köpekmergen). Ýol açmak bir işi etmäge,
durmuşa geçirmäge mümkinçilik döretmek, baryş-
geliş, gatnaşyk edip başlamak.Tanyşlyk wagtynda iki
obadaş, Ýol açdy bolmaga ömürlik ýoldaş (A.
Kekilow). Ýol almazlyk ýer almazlyk, başa
barmazlyk, biderek bolmak. Atabaýyň öz ömründe
birinji gezek Akmaýany tabyn etmek islegi ýol almady
(B. Kerbabaýew). Ýola düşmek gidişi, barşy
düzgünleşmek, kadalaşmak. Işler ýola düşdi. Ýola
getirmek tertipli-düzgünli bolmagyny gazanmak,
düzgüne boýun etmek. Taýak bir dälini ýola
getirmiş(Magtymguly). Ýola goýmak tertip-düzgüne
salmak, ugrukdyrmak, gönükdirmek, düzetmek,
düzgünleşdirmek. Ýola salmak 1) ser. Ýola
goýmak.Sen bu işi ýola sal. 2) ugratmak, ugradyp
goýbermek, ýola atarmak. Ol şol mahal hat-petek işi
bolup, gelenleriň işlerini düzedip, ýola salmak üçin
eglendi. Ýol bermek mümkinçilik döretmek, böwet
bolmazlyk, garşylyk görkezmezlik, päsgel bermezlik.
Ýol bolsun gidip-geljek, barjak ýeriňde, ýolda-yzda
işiň rowaç bolsun. Agaýunus bulara ýol bolsun
aýdyp, ak pata berip ugratdy (
Görogly
). Ýol
çalmak yz çalmak, yzarlamak. Şumroý kempir eger
ýol çalan adam bolsa, özüni tapsyn diýip, otyrýeri
bilen süýşüp, yz edip gitdi (
Görogly
). Ýoldan
azaşmak ters ýola düşmek, nädogry hereket edip
başlamak, durmuşyň, ýaşaýşyň düzgüninden çykmak.
Ýoldan çykmak 1) sandan çykmak, azmak,
bozulmak, başyna gitmek. 2) biwepalyk etmek,
aýagyňy dürs basmazlyk, ahlak taýdan bozulmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |