Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet804/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   800   801   802   803   804   805   806   807   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝITIRIM: 
ýitirim 
bolmak 
gürüm-jürüm 
bolmak, zym uçan ýaly ýitip gitmek, ýok bolup 
gitmek, nirädir gitmek, gaýyp bolmak. Myrat hem 
giçden soň bir ýana ýitirim boldy (A. Gowşudow). 
Ýitirim etmek güm etmek, ýok etmek. Ýöne, 
enesiniň aýdyşy ýaly, aç-açan däl-de, hiç kime 
bildirmän ýitirim etjekdi (H.Derýaýew).
ÝITIRIŞDIRMEK, işl. Birnäçe zady ýitirmek, 
ählisini, hemmesini ýitirip ýoklaşdyrmak. Kitaplary 
ýygnap goýmamsoň, olaryň käbirini çagalar 
ýitirişdiripdi. 
ÝITIRME, iş ady. Ýitirmek ýagdaýy. 
ÝITIRMEK, işl. 1. Gaçyryp, ýatdan çykaryp 
gitmek, ýok etmek. 2. Zyýan çekmek, zelel görmek.

 Ýitireni bar ýaly gören kişiňi synlap çykmak, 
boýdan-başa gözden geçirmek. Onuň dünýä ünjüsiz 
garaýan gara gözleri iş otagynyň içine ýitireni bar 
ýaly garady (B. Kerbabaýew). Ýitirip tapan ýaly 
örän yhlasly, örän gadyrly. Ýitirip tapan ýaly, onuň 
bilen içgin-içgin elleşip, sag-amanlyk soraşdy (N. 
Pomma).


495 
ÝITIRMEKLIK, iş ady. Ýitirmek ýagdaýy. 
ÝITIRMEZLIK, iş ady. Ýitirmän durmak, 
saklamak. Kitaby ýitirmezlige söz berseň, ony 
okamaga bir hepdelik bereýin. 
ÝITIŞ, iş ady. Ýitmek ýagdaýy. Seniň goýnuň 
ýitişi üýtgeşik boldy. 
ÝITIŞMEK, işl. 1. Kem-kemden ýitip gitmek, 
öçügsilenip, gözden gaýyp bolup başlamak. 
Ýylpyldaşýan ýyldyzlar uçýan uçgunlar ýaly ýitişip, 
sönşüp barýardy (B. Kerbabaýew). 2. Könelip, 
bozulyp, öçüşip başlamak, öçüşmek, bozulyşmak. Bu 
daşyň ýüzüniň ýazgylary ýitişipdir.
ÝITI-ÝITI, hal. Dykgat bilen, üns bilen, siňe-
siňe, içgin-içgin. Bir maksatjygyň bardygyny ýaňy 
maňa ýiti-ýiti seredeniňdenem aňdym (O. Ödäýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   800   801   802   803   804   805   806   807   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling