Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝETMEZ, at, ser. Ýetmezçilik


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet800/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   796   797   798   799   800   801   802   803   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝETMEZ, at, ser. Ýetmezçilik.

Ýetmezini ýetirmek ýok zatlaryny tapyp 
bermek. 
ÝETMEZÇILIK, at1. Bir işde, durmuşda ýüze 
çykýan nädogrulyk, kemçilik. 2. Ýeterlik bolmazlyk, 
azlyk, gytlyk etmeklik, bolelin dällik. 
ÝETMIŞ, san. 70 belgisiniň ady we onuň 
aňladýan sany. 
ÝETMIŞINJI, san. 70 sanyndan ýasalan tertip 
san.
ÝETNE, at. Bir zadyň üstüni ýetirmek üçin 
goşmaça, goşant. Tikiljek geýim üçin ýetne almaly 
boldy. 
ÝETNELIK, syp. Üstüni ýetirmek üçin alynýan 
(mata, zat). Ýetnelik mata. 
ÝEWREÝ [ýevreý], at, ser. Ýewreýler.
ÝEWREÝLER [ýevreýler], at. Taryhy gelip 
çykyşy boýunça semit diller toparyna degişli bolan 
halk. 
ÝEWRO [ýe:vro], at. Ýewropa bileleşigine giren 
döwletleriň täze ýeke-täk pul birligi. 
ÝEWROPALY 
[ýevro:poly] 
at, 
ser. 
Ýewropalylar.  
ÝEWROPALYLAR 
[ýevro:polulor], 
at
Ýewropada doglanlar ýa-da ýaşaýanlar. 
ÝEWROWIDENIÝE [ýe:vrovi:denýe], at. 1
Ýewropa 
döwletleriniň 
telekompaniýalarynyň 
arasynda yzygiderli suratda telewizion gepleşikleriň 
alyş-çalşyny amala aşyrýan halkara guramasy. 2. Şol 
guramanyň kanallary boýunça görkezilýän telewizion 
gepleşikler.
ÝEZIT [ýezi:t], syp. 1. Ganym duşman, zalym, 
azgyn. Keseýliň ýezidiň başyn, Han, Öwez, Töwrız 
gideli (

Görogly

). 2

Ýigrenji

manysynda gelýän 
gödek söz. 
ÝEZITLIK [ýezit:tlik], at. Ýezide mahsus gylyk-
häsiýet. 
ÝIGDEKÇE [ýiğdekçe], at. Ýigit çykyp ugran 
ýetginjek. 
ÝIGDELIŞ [ýiğdeliş], iş ady. Ýigdelmek 
ýagdaýy. 
ÝIGDELIŞMEK [ýiğdelişmek], işl. Birneme 
ýigdelmek. 
ÝIGDELME [ýiğdelme], iş ady. 1. Ýigdelmek 
ýagdaýy. 2. Sagdynlaşma, ýüzüň-gözüň gowulanma. 
Kakalarynyň ýigdelmesi çagalaryny begendirdi. 
ÝIGDELMEK [ýiğdelmek], işl. 1. Ýigit 
görünmek, ýaş bolup görünmek. Onuň sag-aman 
gelendigine begenjinden birnäçe ýaş ýigdelene döndi 
(B.Kerbabaýew). 
2
göç.m. 
Daýanmak, 
kuwwatlanmak. Ogly uruşdan gaýdyp gelen ene 
ýigdeldi. 
ÝIGDELMEKLIK [ýiğdelmeklik], iş ady. 
Ýigdelmek ýagdaýy. 
ÝIGDELTMEK 
[ýiğdeltmek], 
işl. 
Ýigit 
görkezmek, ýaş görkezmek; ýigit hala getirmek. Gün-
günden göterlip halkyň höwesi, Garryny ýigdeldýän 
ýyldyr ýylymyz (N. Pomma). Ýöne seniň bu toýuň 
meni azyndan ýigrimi ýaş dagy ýigdeltdi (B. 
Seýtäkow).  
ÝIGIT [ýiğit], 1syp. Ýigitlik ýaşyna ýeten, jahyl 
çykan. Ýigit adam. 2. at. Ýigit ýaşyndaky adam. 3
syp. Oňat terbiýeli, syratly, ýetişen oglan. Ýaş 
ýigitler. 4. Ýigdekçelere, ýetginjeklere ýüz tutulyp 
aýdylýan söz. Geliş niredendir, ýagşy ýigit? (N. 
Saryhanow).  

Ýagşy ýigit 1) ýaş adamlara ýüzlenilende 
ulanylýan aňlatma. 2) asylly, edepli ýigit. Ýaşgy ýigit 
aş üstüne naharyň üstüne gelen adama aýdylýar. 
Ýigit çykmak ýigitlik ýaşyna ýetmek, ýetişmek, 


493 
kemala gelmek, kämillik ýaşyna ýetmek. Ýigit 
synlamak giýew boljak ýigidi gözden geçirmek.
ÝIGITLIK [ýiğitlik], at. Adamyň ýaşynyň 
ýetginjeklik wagty bilen durguşan döwrüniň 
arasyndaky çagy. Ne zowky-sapalar ýigitlik bilen, 
Bahar bolup geçdi, bizden daş galdy (Magtymguly). 
ÝIGITSIREMEK [ýiğissiremek], işl. Ýigit däl 
halyna ýigit boljak bolmak. 
ÝIGRENÇ [ýiğrenç], at. Biri ýa-da bir zat 
barasynda döreýän ýakymsyz, erbet duýgy. Molla 
Hoşlynyň ýüreginde kiçijik Wepa garşy ýangynly 
ýigrenç döredi (A. Gowşudow).
ÝIGRENDIRMEK [ýiğrennirmek], işl. Özüňi 
ýigrener ýaly hereket etmek. Özüňi ýigrendirmek. 
ÝIGRENILMEK [ýiğrenilmek], işl. Ýigrenji 
adam hasaplanmak, erbet görülmek. Ýigrenilýän 
ýeriňe barmazlyk ýagşy. 
ÝIGRENJI [ýiğrenji], syp. 1. Ýigrenç döredýän, 
nejis. Çilim çekmek diýen ýigrenji endikden 
saplandym. 2. Köplenç, ýaş gyzlaryň dilinde birine 
göwnüýetmezçilik bilen aýdylýan söz. – Ýok bol, 
gözüme görünme, ýigrenji (B. Seýtäkow).

Ýigrenjiňi (pisiňi) aşyrmak erbet görünmek, 
wejera bolup durmak. Ýigrenjisini aşyryp, şol 
sögünip durşy (

Görogly

). 
ÝIGRENJILIK 
[ýiğrenjilik], 
at. 
Ýigrenji 
bolmaklyk, ýigrenji görünmeklik, nejislik. Umsagül 
Aýnanyň şol garaýşynda bir sorag, bir müňkürlik, bir 
ýigrenjilik syzsa-da, oňa ähmiýet bermedi (B. 
Kerbabaýew). 
ÝIGRENME [ýiğrenme], iş ady. Ýigrenmek 
ýagdaýy. 
ÝIGRENMEK [ýiğrenmek], işl. Birine ýa-da bir 
zada ýigrenç bilen garamak, ýigrenji hasaplamak, 
erbet görmek, ýaman görmek, halamazlyk. Ýylanyň 
ýigrenini narpyz, ol hem hininiň agzynda gögerer 
(Nakyl).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   796   797   798   799   800   801   802   803   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling