Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet796/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   792   793   794   795   796   797   798   799   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝERSIZLIK, at. 1. Ekin ýeri bolmazlyk, ýerden 
mahrumlyk. 2. Bellenen orny bolmazlyk, orunsyzlyk. 
ÝERSIZ-SUWSUZ, syp. Ýeri-suwy bolmadyk, 
ýerden-suwdan mahrum. 
ÝERSIZ-SUWSUZLYK [ýersis-suwsuzluk] II, 
at
Ýeriň-suwuň 
bolmazlyk, 
ýerden-suwdan 
mahrumlyk. 
ÝERSIZ-ÝERE, hal. Nähak, biderek ýere, 
sebäpsiz, hiç hili esassyz (serÝersiz ýere). 
ÝER-SUW, at.1. Ýer we suw. Ata-baba ýer-suw 
arzuwyny edip, bagryny paralan daýhan bu gün mülk 
eýesi boldy. 2. syp. Ýere we suwa degişli. Ýer-suw 
paýlanyşygy. 
ÝERTUDANA [ýertu:dono] at. ösüml. Ekilýän 
otjumak ösümlik we onuň gyzyl tudana meňzeş 
miwesi. 
ÝER-ÝESIR [ýer-ýesi:r], hal. Yzanda-çuwan, 
kynçylykly, horlukly (ýagdaý). Ulagsyzlar ýer-ýesir 
gol tutuşyp ýola düşdüler (B. Kerbabaýew).
ÝERZEMIN [ýerzemi:n], at. 1. Köplenç, jaýyň 
aşagyndan gazylyp edilýän jaý. 2. gepl.d. Tussag 
saklanýan jaý, zyndan. 
ÝESER, syp. 1. Özüne çekiji, täsirli. Mätäji diýr, 
aldy huşum, Ýeser gara zülpüň seniň (Mätäji). 2. 
göç.m. Mekir, hilegär, köpbilmiş. Ýeseriň ýedi ýere 
kössi ýeter (Nakyl). 3. göç.m. Etjegi içinde, ýeserlik 
edýän (ser. Ýeserlik dogumly, ýaman (ser. Ýaman 
3) Mürzeweliň aty ýeser, gamçylasaň gaýra teser 
(Halk döredijiliginden). Ýeser adam

Ýeser ýerde gaý tutmak (turmak)  
garaşylmaýan, islenmeýän wagtda päsgelçilik
ýüze çykmak. 
ÝESERJE, syp. Ýeser häsiýetlije. (serÝeser 3)
Ýeserje oglan. 
ÝESERLENMEK, 
işl. 
1. 
Dogumlanmak, 
başarnykly bolmak. 2. göç.m. Mekirligiň, hilegärligiň 
artmak, köpbilmişlik edip başlamak. 
ÝESERLIK, at. 1. Başarnyklylyk, dogumlylyk. 
Bu işde batyrlyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik, 
çydamlylyk, ýeserlik hem başarjaňlyk – hemmesi hem 
birden gerekdir (A. Gowşudow). 2. göç.m. Mekirlik, 
hilegärlik. Olar örän ýeserlik bilen iş görenleri üçin, 
nireden, kimden ýeteni mälim bolmandyr (B. 
Kerbabaýew). 
ÝESERSIREME, iş ady. Ýesersiremek ýagdaýy. 
ÝESERSIREMEK, işl. Ýeser bolan bolmak
özüňi ýeser görkezjek bolmak.
ÝESIR [ýesi:r], at. 1. Uruşda duşmanyň eline 
düşen adam, bendi. 2. göç.m. Bir zadyň höwesgäri, 
ölemen hyrydary, aşygy. Däl men entek hiç bir gyzyň 
ýesiri (B. Hudaýnazarow). 3. göç.m. Enesiz galan. 
Atasyz – ýetim, enesiz – ýesir (Nakyl). 4. gepl.d. 
Naçar, aýal-gyz. Kakajan, öz ýesiriňe rehimiň gelsin.

Ýesir etmek 1) bendi etmek, tutup mejbury 
suratda alyp gitmek. 2) bir zadyň sergezdany etmek, 
aşygy etmek. Men hünäri bilen bizi ýesir eden şol 
sazanda hakda gürrüň gozgadym (

Edebiýat we 
sungat

). Ýesiri bolmak bir zadyň aşygy bolmak, 
sergezdany bolmak, höwesgäri bolmak. 
ÝESIRÇILIK [ýesi:rçilik], ser. Ýesirlik. 
ÝESIRLIK [ýesi:rlik], at. 1. Ýesir bolmaklyk, 
bendilik, ýesiriň hal-ýagdaýy. 2. göç.m. Bir zada 
höwes edijilik, hyrydarlyk, bir zada aşyklyk. Söýgi 
ýesirligine düşen jahyl-juwanlar üçin Gürgeniň 
kenary duşuşyk jaýydy, tapyşyk meýdanydy (G. 
Kulyýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   792   793   794   795   796   797   798   799   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling