Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝERDEŞIK, at. Jaýyň düýbünde howa çykar  ýaly goýulýan deşik.  ÝERDÖLE


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet794/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   790   791   792   793   794   795   796   797   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝERDEŞIK, at. Jaýyň düýbünde howa çykar 
ýaly goýulýan deşik. 
ÝERDÖLE [ýerdölö] at. Mal saklamak ýa-da 
odur-budur goýmak üçin ýerden gazylyp, üsti 
basyrylýan döle. Ekinçilermi, orakçylarmy, kimem 
bolsa, şol ýerde birtopar ýerdöle gazyp taşlap 
gidipdirler (A. Gowşudow). 
ÝERI, ugrukd. s. Ýüzlenilende 

hany, göreli

manysynda ulanylýan söz. Ýeri, oglum, bu gün näme 
getirdiň! 
ÝERINE, köm.s. Deregine, ornuna, öwezine. 
Ýoldaşyň ýerine işlemek. 

Ýerine ýetirmek 1) berjaý etmek, amala 
aşyrmak, iş ýüzüne geçirmek. 2) saz çalmak, aýdym 
aýtmak. Aýdymy ýerine ýetirmek. Sazy ýerine 
ýetirmek. 3) işi bolmalysy ýaly derejede etmek. 
Palawy ýerine ýetirip iýdiler. 
ÝERKI: ýerki dodak ýalanyp-ýalanyp eti çykan 
ýaraly dodak, ýalama dodak. 
ÝERKÜME [ýerkümö], at. Ýaşamak üçin ýerden 
gazylyp edilýän küme. 
ÝERLEMEiş ady. Ýerlemek ýagdaýy. 
ÝERLEMEK I, işl. Täze ýerde ýaşamaga 
öwrenişmek, uýgunlaşmak. Biziň obamyzda seniň 
ýerlejegiňe men şübhelenemok. 
ÝERLEMEK II, işl. Ýeri gyratlap uçmak, ýere 
golaý uçmak. Gyrgy ýerläp uçýardy. 
ÝERLEMEK III, işl. Harydy satyp bolmak, 
ýerleşdirmek. Harytlarymy ýerläp bildim. 
ÝERLEMEK IV işl. Ýere bermek, jaýlamak 
(merhum hakynda). 
ÝERLEMEK V, işl. Durmuşa çykarmak. Altyn 
ýaly gyzym bolsa, her wagt hem ýerläp bilerin 
(

Edebiýat we sungat

). 
ÝERLEŞDIRMEK I, işl. Harytlary satyp 
bolmak; gowşurmaly ýerlerine gowşuryp çykmak. 
ÝERLEŞDIRMEK II, işl. Aradan çykany 
jaýlamak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   790   791   792   793   794   795   796   797   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling