Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


üýtgetmek bir örüden başga ýere geçirmek. Ýeriň-


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet792/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   788   789   790   791   792   793   794   795   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

üýtgetmek bir örüden başga ýere geçirmek. Ýeriň-
gögüň diregi hemme zadyň esasy, iliň bar 
daýanjy, ýeke-täk göz dikilýän hemaýatçy. Ýeriň 
pesi bilen assyrynlyk bilen, ýuwaşlyk bilen, 
ogrynça. Ýeriň tanapyny külterlemek (dartmak) 
çalt ýöremek, gaty gitmek. Gyrat ýeriň tanapyny 
külterleýär (

Görogly

). Ýeriň teýinde (aşagynda) 
ýylan gäwüşese-de bilmek her bir gizlin, ýaşyryn 
zatlardan hem habardar bolmak, her bir zatdan 
habarly bolmak. Ýeriňi üýtgetmek başga ýere 
göçmek. Ýeriň ol ujy örän daş ýer. Seniň öýüň ýeriň
ol ujunda eken. Ýeriň ýüzi 1) ýeriň üsti; ýeriň 
üstki gatlagy. 2) gaty köp adam, hemme kişi. Toýda 
şeýle bir adam köp eken, ýeriň ýüzi süýşup gelipdir 
diýdirýär. Ýer sermäp galmak boş galmak. Ýersiz 
ýere hiç hili sebäp bolmazdan, biderek, geregi 
bolmasa-da, zerurlyk ýok ýagdaýynda. Ýersiz ýere iki 


489 
baka alakjamak. Ýer urup, ýerde galan hossarsyz; 
elinde maly, emlägi galmadyk, garyp, pukara, 
ýarlykly garyp. Ýerden ýeke çykan hiç hossary, 
garyndaşy ýok adam, hossarsyz. Ýerden ýörär ýöräp 
bilýän bar kişi, bary, uly-kiçi hemmesi. Ýer ýaly 
ýuwaş, gep-gürrüň bilen işi ýok.Ýer ýaly ýigit. Ýer
ýarylmady, men girmedim bir zat üçin gaty 
utanylanda aýdylýar, utanjyňdan ýaňa girere deşik 
tapmazlyk, masgara bolmaklyk. Ýer ýumruklamak 
bütinleýin närazy bolup, garşylyk bildirmek. Ýer 
ýuwudan (çeken) ýaly bolmak zym-zyýat bolmak, 
ýitirim bolmak, gürüm-jürüm bolmak. Ýer ýüzi 1) 
ýer togalagynyň ähli ýeri. Gadymy türkmen 
taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň 
aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi 
özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini 
yzda galdyryp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz 
yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi 
(Gurbanguly Berdimuhamedow. Ahalteke bedewi – 
biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, 3 s.).  Ýer ýykyp 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   788   789   790   791   792   793   794   795   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling