Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet801/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   797   798   799   800   801   802   803   804   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝIGRENMEKLIK [ýiğrenmeklik], iş ady. 
Ýigrenmek ýagdaýy. 
ÝIGRENMEZLIK [ýiğrenmezlik], iş ady. 
Ýigrenç bilen garamazlyk. 
ÝIGRENTGI [ýiğrentgi], syp., gepl.d., ser. 
ÝigrenjiAý, sen-ä bir ýoknasyz, ýigrentgi ekeniň. 
ÝIGRIMI [ýiğrimi], san. 20 belgisiniň ady we 
onuň aňladýan sany. 

Ýigrimi bäşiň dälijesi ýigitligiň aýny wagty, 
diýen wagty. Ýigrimi bäşiň dälijesi yşky mestana 
geler (Kemine). 
ÝIGRIMINJI [ýiğriminji], san. 20 sanyndan 
ýasalan tertip san. Ýigriminji asyr. 
ÝIGRIMILIK [ýiğrimilik], at. Käbir zatlaryň 
ölçeg birligini görkezýän san. Ýigrimilik tigir.
ÝILIKat. lukmanç. Kelle beýnisiniň we el, aýak 
süňkleriniň içini doldurýan madda (serÝülük). 

Ýiligini sormak uzak wagtyň dowamynda 
horlamak, ezmek; zulum etmek.
ÝIP-ÝITIsyp. Örän ýiti.  
ÝIRDIRMEK, işl. 1. Ýirmek işini başga birine 
etdirmek. 2. Ýirilmegine sebäp bolmak. 3. Ýirmäge 
mümkinçilik bermek. 
ÝIRDIRMEZLIKiş ady. Ýirdirmän saklamak. 
ÝIRDIRTMEKişl., ser. Ýirdirmek.
ÝIRIK, 1. syp. Bir zadyň gyrasy dilnen ýa-da 
ýyrtylan. 2. at. Burun, dodak ýaly agzalaryň dilnen, 
ýyrtylan ýeri. Hür-hürüjik, burny ýirijek (Matal. 
Jogaby: ik). 3. göç.m. Içinde gep ýatmaýan, 
geplemesiz zady gepläp ýören (adam). 
ÝIRILMEK, işl.1. Gyrasy dilnip ýyrtylmak. 
Köwşüň erni ýirlipdir. 2. gepl.d. Geplemesiz zatlary 
gepläp oturmak. Ol näme beýdip ýirlip otyrka, ýa 
bolup bilşimikä? 
ÝIRIŞ, iş ady. Ýirmek ýagdaýy. 
ÝIRIŞDIRMEK, işl. Hemmesini ýirik-ýirik 
etmek, dilik-dilik edip çykmak, dilişdirmek. Suwçy 
ýabyň gyralaryny ýirişdirip, joýalara suw tutýardy. 
ÝIRIŞMEK, işl. 1. Ýirmäge kömek bermek. 2
Bilelikde ýirmek. 
ÝIRJERIŞMEK, işl. Ýerli-ýerden, birnäçe bolup 
ýirjerip durmak. Näme ýirjerişip dursuňyz, halaşýan 
görmediňizmi? 
ÝIRJERMEK, işl. Agzyň bir tarapy bilen, erniňi 
gyşardyp gülmek, gülümsiremek. 
ÝIRJERTMEK, işl.1. Ýirjerer ýaly etmek. 2. 
Erniňi gyşardyp gülümsiremek. Ernini ýirjerdip, 
gülen boldy (R. Gelenow). 
ÝIRME,iş ady. Ýirmek ýagdaýy. 
ÝIRMEK,işl. Gyrasyny dilip ýyrtmak, ýirik 
etmek, dilmek. Ol täzeje köwşüniň apgyrdyny 
ýiripdir. Tas onuň ernini ýiren bolsam nätjek (B. 
Kerbabaýew). Birdenem agzyny ýirere getiren 
agyzzyryk gowşady (O. Ödäýew). 
ÝIT, üml. Iti kowmak üçin aýdylýan söz. 
Tirsegine galyp, 

ýit

diýip, gygyranyna-da gulak 
asmady (B. Kerbabaýew). 

 Ýit, ýok bol! Şu ýerde görünme! Jähennem bol! 
Owarra bol! 
ÝITELDILMEK, işl. Ýiti edilmek, kesgir, ötgür 
edilmek. 
ÝITELDIŞMEK, işl. 1. Ýiteltmäge kömek 
bermek. Birine pyçaklary ýiteldişmek. 2. Bilelikde 
ýiteltmek. Olar oraklaryny ýiteldişip otyrdylar. 
ÝITELIŞ, iş ady. Ýitelmek ýagdaýy.
ÝITELME, iş ady. Ýitelmek ýagdaýy. 
ÝITELMEK, işi. 1. Ýiti bolmak, kesgir, ötgür 
bolmak. Pyçak çalnansoň ýiteldi. 2. Görşi 
gowulanmak. Ol ýitelen gözlerini bir nokada dikip
şeýle pikir edip oturyşyna hemme zady ýadyndan 
çykarypdy (B. Seýtäkow).
ÝITELMEKLIK, iş ady. Ýitelmek ýagdaýy. 
ÝITELMEZLIK, iş ady. Çalynsa-da ýiti 
bolmazlyk. 
ÝITELTDIRMEK, işl. Ýiteltmek işini başga 
birine etdirmek. Keseri ýiteltdirmek. Gyrkylygy 
ýiteltdirmek.
ÝITELTMEK, işl. Ýiti etmek, kesgir, ötgür 
etmek. 

Alyň, pyçak

 diýip, ýiteldip goýan pyçagyny 
uzatdy (H. Derýaýew). 
ÝITGI, at. 1. Çekilýän zyýan; bisarpalyk sebäpli 
çekilýän çykdajy. 2. göç.m. Ölüm, ölüm-ýitim. Olar 


494 
agyr ýitgä sezewar edilip, öňki duran sepgidinden 
has aňryk taşlanýar (A. Geldiýew).
ÝITGISIZ, syp. 1. Zaýalaman, isrip etmän, 
zaýasyz, yrýasyz, isripsiz. 2. göç.m. Ölümsiz, ölüm-
ýitimsiz. Malyň baş sanyny köpelden, ýitgisiz, semiz 
saklan baýap gidýär. 
ÝITI, syp. 1.  Gowy kesýän, kesgir, ötgür. Ýiti 
gylyç. Ýiti palta. 2. Ýakyp barýan, güýçli. Günüň
ýiti şöhlesi. 3. Ýaldyrap duran, ýagtysy güýçli.
Asmanyň ýiti ýyldyzlary kem-kemden ölügsilenip, 
gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne 
çalymtyk bolup çaýyldy (B. Kerbabaýew). 4. göç.m. 
Güýçli depgin bilen alnyp barylýan, aldym-berdimli, 
güýçli, gazaply. Birinji tapgyrda örän ýiti, çekeleşikli 
oýunlar boldy. 5. göç.m. Ýokary düşünjeli, üşükli, 
örän zehinli. Ýiti okuwçy. 6. göç.m. Gowy görýän, 
görgür, içiňden geçip barýan, göreji kütelmedik. Soň 
Jeren ...ýiti gözüni doganyna dikdi (A. Durdyýew)7. 
göç.m. Gowy eşidýän, eşitgir. Ýiti bolar gulaklary
Ýaşyl öwser ýelekleri (M. Garryýew). 8. göç.m. 
Içgin, ünsli,dykgatly, siňe-siňe. Ol myhmana ýiti 
seretdi. 9. göç.m. Güýçli duýulýan, güýçli täsir edýän 
(aýaz, agyry we ş.m. hakynda). Ýalan süýji sözden 
dogry ajy söz, Gowudyr ýaksa-da, bolup ýiti köz (A. 
Kekilow). Maňa ýiti seredip, Bir zat diýýärler gülşüp 
(A. Kekilow). 10. göç.m. Açyk, dok, göze ilgiç (reňk 
hakynda). Ýiti gyzyl tiz solar (Nakyl). 

 Ýitä galmak özüňi hondanbärsi saýmak, beýik 
hasaplamak; ilden artykdyryn öýtmek. Meniň 
başyma jaýly bolup ýitä galypsyň (A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   797   798   799   800   801   802   803   804   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling