Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet803/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   799   800   801   802   803   804   805   806   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝITILENDIRMEK [ýitilennirmek], işl., ser. 
Ýiteltmek. 2. Biz öz eserdeňligimizi ylaýta-da 
ýitilendirmeli (B. Kerbabaýew).
ÝITILENIŞ,iş ady. Ýitilenmek ýagdaýy. 
ÝITILENME, iş ady. Ýitilenmek ýagdaýy. 
ÝITILENMEK, işl. Ýiti bolmak, ýitelmek, 
güýçlenmek. Çyranyň ýagtysy öňküden-de ýitilendi. 
Onuň akyl-paýhasy gitdigiçe ýitilenýärdi. 
ÝITILEŞDIRMEK, işl. Dartgynly ýagdaýy we 
ş.m. güýçlendirmek, çylşyrymlaşdyrmak. Ýagdaýy 
has hem ýitileşdirmek. 
ÝITILEŞIŞ, iş ady. Ýitileşmek ýagdaýy. 
ÝITILEŞME, iş ady. Ýitileşmek ýagdaýy. 
ÝITILEŞMEK, işl. Dartgynly ýagdaý we ş.m. 
güýçlenmek, beterleşmek, çylşyrymlaşmak. Ýaryş 
barha ýitileşýärdi. 
ÝITILIK, at. 1. Gowy kesýän ýagdaýda 
bolmaklyk, kesgirlik, ötgürlik. Päkiniň ýitiligi. 2. 
Howry güýçlülik, gyzgyny artyklyk. Häzir günüň 
şöhlesinde ýitilik ýokdy. 3. Has ýiti, güýçli yşyklylyk. 
Çyralaryň ýitiligi gözüňi gamaşdyrýardy. 4. göç.m. 
Akyly kesgirlik, ýiti pikirlilik, zehinlilik, pähimlilik. 
Pökgeniň daşky görnüşine seredeniňde, beýle bir 
ýitilik çykmajak ýaly görünýär, emma ol gaty ýiti 
ýatkeşdi (A. Gowşudow). 5. göç.m. Güýçli täsirlilik, 
täsir edijilik, ötgürlik (tagam, ys we ş.m. hakynda). 6. 
göç.m. Dartgynlylyk, agyr ýagdaýdalyk. 
ÝITIM, at. Ýitmek ýagdaýy. Oraz aga ölüm bar, 
ýitim bar diýip, ogluny ýanyna çagyryp, sargyt 
edişdirdi. 
ÝITIRÄK [ýitirä:k], syp. Öňküsinden ýa-da 
beýlekilerden birneme ýiti. 
ÝITIRILMEK, işl. Galdyrylmak; gaçyrylmak; 
ýok edilmek; sarp edilmek ( maliýe). Indi etjek işiňi 
sähelçe soňa goýsaň hem ýitirilen wagtyň öwezini 
dolmak juda kyn bolar (

Watan

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   799   800   801   802   803   804   805   806   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling