Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Astek (nauatl ) dili
- Başgyrt dili
Afrikaans
dili- Hindi-ýewrpa dilleriniň biridir.German toparynyň günbatargerman toparçasyna degişlidir. Iňlis dili bilen bilelikde Günorta Afrika Respublikasynyň döwlet dilleriniň biridir. Bu dilde gepleýänleriň sany 6 mln adam töweregidir. Şiwelere bölünmeýär. Afrikaans dilinde aborigen dillerden, şeýle-de malaý we portugal dillerinden alnan sözler ýygy-ýygydan duş gelýär. Grammatik many aňladyşyň analitik serişdeleri köp duş gelýär. Sözlemde sözleriň tertibi berk saklanylýar. Ýazuwy latyn elipbiýindedir. 55 Astek (nauatl ) dili- Hind dilleriniň biridir. Ol tano-astek maşgalasyna girýär. Bu dil Meksikanyň günorta etraplaryna ýaýrandyr, gepleýänleriň sany 1 mln adam töweregidir. Üç şiwe topary bar. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Sözlük düzüminde ispan dilinden alnan sözler köp. Ispanlar tarapyndan eýelenilmezinden öň logografik we piktografik (surat ýazuwy) häsiýetlere eýe bolan astek haty peýdalanylypdyr. Yazuwy XVI asyrdan başlap latyn elipbiýinde. Aşkun dili-Hindi-ýewropa dilleriniň dard toparna girýär. Owganystanyň Nurystan welaýatynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 5 müň adam töweregi hasaplanylýar. Birtopar şiweleri bar. Diliň ýazuwy ýok. B Bask dili- gelip çykyşy anyklanylmadyk dil. Onuň kartwel dilleri bilen garyndaşlygyny subut etmek üçin synanşyklar edilýär. Iki resmi diliň biri bolup (ispan dili bilen bilelikde) , Bask ýurdunda (Ispaniýanyň awtonom ülkesi) ýaýrandyr.Bu dilde gepleýänleriň sany 600 müň adam töweregi hasaplanylýar. Şiwelere bölüniş derejesi örän güýçli. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Başgyrt dili- türki dilleriniň biridir. Tatar diline örän ýakyn. Başgyrdystanda, şeýle-de Russiýanyň Orenburg, Çelýabinsk, Samara, Kurgan, Ýekaterinburg oblastlarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 920 müň adam töweregi hasaplanylýar. Kuwakan we ýurmatin şiweleri bar.Grammatiki gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatiki manyny aňladylyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. 56 Ýazuwy 1929-njy ýyla çenli arap elipbiýinde, 1929-1939- njy ýyllarda latyn elipbiýinde, 1939-njy ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. Be dili- taý dilleriniň biridir.Hytaýa degişli Haýnan welaýatynyň demirgazyk- günbatar böleginde ýaýrandyr. Gepleýänleriň sany 200 müň adam töweregidir. Grammatiki manyny aňladylyşyň analitik serişdeleri agdyklyk edýär. Dilde saz äheňler ulgamy bar. Ýazuwy ýok. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling