60
Çžuan dili-taý dilleriniň biridir.Hytaýyň Guansi-
Çžuan etrabynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany
13 mln adamdan gowrak. Grammatik many aňlatmakda
analitik usullar agdyklyk edýär. Sözleriň leksiki manysyny
tapawutlandyrýan 6 owaz äheňi bar. Orta asyrlarda hytaý
nusgasy boýunça döredilen iýeroglif ýazuwy ulanylan
bolsa, häzirki döwürde latyn elipbiýiniň esasyndaky
ýazuw peýdalanylýar.
Çuwaş dili- türki dleriniň biridir. Çuwaşystanda we
onuň
serhetdeş
etraplarynda
ýaýrandyr.Bu
dilde
gepleýänleriň sany 1,4 mln adam töweregidir.Ýokarky we
aşaky diýlip atlandyrylýan iki şiwesi bar.
Grammatik
gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan
dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda
sintetik
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň esasynda.
Do'stlaringiz bilan baham: