Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet39/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Gepid dili-hindi-ýewropa dillerine degişli. German 
toparynyň 
gündogar 
toparçasyna 
girýär. 
Biziň 
eýýamymyzyň I asyrynda ulanylyşdan galypdyr. Bu dil 
hakyndaky maglumat örän az. Ýazuwy ýok. 
 
Gerul 
dili- 
hindi-ýewropa 
dilidir. German 
toparynyň gündogar toparçasyna degişlidir. Bu dil 
hakyndaky maglumatlar örän az. Bar bolan sözleri, esasan, 
şahsy atlara degişlidir. Soň-soňlar bütin german dünýäsine 
ýaýran runi ýazuwy ilkibaşda gerul dili üçin döredilipdir 
diýlip çaklanylýar. 
 
Gez dili-awstraaziýa dilleriniň biridir. Semit 
toparyna girýär. Efiopiýanyň hristian edebiýatynyň öli 
dilidir. I-II müňýyllygyň sepgidinde janly gepleşik dili 
bolmagyndan galypdyr.Sözlük düzüminde grek, siriýa, 
arap dillerinden alnan sözler köp bolupdyr. Efiopiýa 
ybadathanasynyň dili hökmünde saklanyp galypdyr. 
Bogun ýazuwyndan peýdalanylypdyr. 
 
Gomen 
dili-awstroneziýa 
dilleriniň 
biridir. 
Melaneziýa toparyna girýar.Täze Kaledoniýada ýaýrandyr. 
Gepleýänleriň sany birnäçe müňe cenlidir, anyk maglumat 
berilmeýär. Ýazuwy ýok. 
 
Got dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir.German 
toparynyň gündogar toparçasyna girýär.XVI asyryň 
ahyrynda XVII asyryň başynda ulanylyşdan galýar. Iki 
şiwesi bolupdyr. Grammatik many aňladyşyň sintetik 
usullary agdyklyk edipdir. IV asyrda arian ýepiskopy 
Wulfil tarapyndan döredilen got elipbiýi peýdalanylypdyr. 
Ýazuw ýadygärlikleriniň köp bölegi V-VI asyrlara 
degişlidir 


70 
 
Grek dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Aýratyn 
grek toparyny düzýär. Gresiýada, Kiprde, Türkiýede 
ýayandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 13 mln adam 
töweregidir. Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary 
agdyklyk edýär. Sözleriň ýerleşiş tertibi erkin 
ýagdaýda.Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri b.e.ö VIII-VII 
asyrlara degişlidi bolup, grek elipbiýi ulanylýar. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling