Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Gruzin dili-kartwel dillerine degişlidir.Gruziýanyň döwlet dilidir, şeýle-de Azerbaýjanda, Eýranda, Türkiýede ýaýrandyr. Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 3,5 mln adamdan gowrak. Iki sany şiwesi bar. Şiweleriniň arasyndaky tapawut uly däl. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri V asyra degişli hasaplanylýar. Gruzin elipbiýi peýdalanylýar. Gujrat dili- hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Hindi toparyna girýär. Hindistanyň Gujrat ştatynyň resmi dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 40 mln adam töweregidir.Dört şiwe topary bar. Bogun häsiýetli öz bogun haty ulanylýar. H Hakas dili-türki dillerine degişlidir. Hakasiýada, Orsyýetiň Krasnoýarsk ülkesiniň, Tuwa respublikasynyň serhetleşýän etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 57 müň damadan gowrak. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde rur we mongol dillerinden alnan sözler köp. Ýazuwy 1924-29-njy ýyllarda rus, 1929-1939-njy ýyllarda latyn elipbiýiniň 71 esasynda boldy. 1939-njy ýylda ýene rus elipbiýine geçildi. Hausa dili-afraziýa dilleriniň biridir. Çad toparyna girýär.Nigeriýa döwletiniň demirgazyk etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 40 mln adamdan gowrak diýlip hasaplanylýar. Şiweleriniň arasyndaky tapawutlar uly däl. Sözlük düzüminde arap dilinden geçen sözler köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. Het dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Het- luwiý toparyna girýär.B.e.ö XVIII-XIII asyrlarda häzirki Türkiýäniň çäklerinde ýaýrapdyr.Kuwwatly Het imperiýasynyň döwlet dili hökmünde ulanylypdyr. Hindi- ýewropa dilleriniň arasynda gadymy ýazuwly dil bolup durýar. Grammatik gurluşy flektiw, Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edyär. Grammatik jynsyň janly we jansyz görnüşleri tapawutlandyrylýar. Bize gelip ýeten ýazuw ýadygärlikleri bogun ýazuwy görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling