Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet41/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Hindi dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Hindi 
toparyna girýär. Hindistanyň döwlet dilleriniň biridir (iňlis 
dili bilen bilelikde). Bu dilde gepleýänleriň sany 200 mln 
adamdan geçýär. Günbatar we gündogar şiweleri bar. 
Sözlük düzüminde Sanskrit diliniň sözleri köp. 
Dewanagari atlandyrylýan bogun ýazuwy peýdalanylýar. 
 
Hytaý dili-hytaý-tibet dilleriniň biridir. Hytaý halk 
respublikasynyň we Taýwanyň döwlet dilidir. Singapurda 
ulanylýan dört döwlet diliniň biri hökmünde-de ulanylýar. 
Birleşen milletler guramasynyň iş dilleriniň hem biridir. 
Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 1 mlrd adamdan hem 
köpdür. Biri-birinden düýpli tapawutlanýan alty şiwesi 
bar. Grammatik gurluşy kök bilen baglanyşyklydyr. 
Sözleriň grammatiki manysyny tapawutlandyrýan 4 owaz 


72 
äheňi bar. Sözleri goşmak söz ýasalyşyň esasy usuly 
hökmünde ulanylýar. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri b.e.ö II 
müňýyllygyň ortalaryna degişlidir. Hytaý dilinde
ideografik hat ulanylýar. 

 
Idiş dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. German 
toparynyň günbatar toparçasyna girýär. Aşkenaz 
ýewreýleriniň gepleşik we edebi dilidir.XX asyryň 
ortalaryna çenli Polşanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, 
Ukrainanyň, Belarussiýanyň, Litwanyň, Latwýanyň 
ýewreý ilatynyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Ikinji jahan 
urşundan soň idiş dilinde gepleýänleriň sany azalypdyr. 
Onuň hakyky ulanylyşy örän çäklenen bolsa-da, häzirki 
döwürde Ýewreý awtonom okrugynyň resmi dili 
hukugyna eýedir. Grammatik gurluşy nemes diline örän 
ýakyndyr. Sözlük düzüminde slawýan dillerinden we 
iwritden (ýewreý dilinden) geçen sözler köpdür. 
Çekimlileri aňlatmak üçin ýörite harplary goşmak bilen, 
däp bolan ýewreý elipbiýi peýdalanylýar.  

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling