Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Itelmen dili-çukotka-kamçatka dillerine degişlidir. Kamçatkanyň günbatarynda kenar ýakalarynda ýaýrapdyr. Bu dilde gepleýänleriň sany az, ýagny 200 töweregi adamdyr. Çukotka-kamçatka diller maşgalasynyň beýleki dillerinden söz ýasalyşynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Ýazuwy ýok. Iwrit-afraziýa dilleriniň biridir. Semit toparyna girýär. Ysraýylyň döwlet dilidir.Bu dilde gepleýänleriň sany 3,5 mln adamdan gowurak. Şiwelere bölünmeýär. Sözleriň sözlemdäki tertibi erkin. Sözlük düzüminde iňlis, nemes, arap, rus dillerinden alnan sözler bar. 22 harply ýewreý elipbiýi peýdalanylýar. K Kabardin-Çerkes dili- abhaz-adyg dilleriniň biridir. Kabardin- Balkarda we Garaçaý-Çerkesde ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 370 müň töweregidir. Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde osetin dilinden alnan sözler köp. Ýazuwy 1923-1036-njy ýyllarda latyn, 1940- njy ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. Kabil dili-afraziýa dilleriniň biridir, berber-liwiýa toparyna girýär. Demirgazyk Alžiriň daglyk etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 2,6 mln adam diýlip çaklanylýar. Grammatikasynda analitik we sintetik serişdeler utgaşýar. Sözlemde sözleriň tertibi berk saklanýar: habar (işlik)-eýe-doldurgyç. Ýazuwy XX asyryň 8-nji ýyllarynda latyn elipbiýiniň esasynda döredildi. 76 Karel dili-ugor-fin dillerine degişlidir. Fin toparynyň pribaltika-fin toparçasyna girýär. Kareliýada, bölekleýin ýagdaýda Orsyýediň Kaliningrad, Leningrad, Nowgorod oblastlarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 77 müň adamdan gowrakdyr. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Häzirki wagtda ýazuwy ýok. Kareller edebi-ýazuw dili hökmünde ýakyn garyndaş dili bolan fin dilini peýdalanýarlar. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling