Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Kwang dili- afraaziýa dilleriniň biri bolup, Çad toparyna girýär. Çad respublikasynda ýaýrandyr. Çad dilleriniň ählisinde bolşy ýaly, sözleriň leksiki manysyny tapawutlandyrýan owaz äheňli ulgamy bar. Kwang diliniň ýazuwy ýokdur. Keltiber dili-hindi-ýewropa dilleriniň Kelt toparyna girýär. Bu dil aýratyn toparçany emele getirýär. Gadymy döwürlerde Pirneý ýarym adasynyň merkezi bölegine ýaýrapdyr. Ýazuw ýadygärlikleriniň esasy bölegi b.e.ö III-I asyrlara degişlidir. Keltiber dili flektiw dillere degişlidir, ýöne onda goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrylyş alamaty bar. Bu diliň ýazuwynda bogun belgileri, şeýle-de aýratyn sesleri aňlatmak üçin belgiler bar. Ýazuw 78 ýadygärlikleri birnäçe sözden durýan ýazgylary öz içine alýar. Kera dili-afraziýa dillerine degişlidir. Çad toparyna girýär. Çad respublikasynda ýaýrandyr. Sözleriň leksiki manysyny tapawutlandyrýan owaz äheňler ulgamyna eýedir. Ýazuwy ýok. Kerek dili- çukotka-kamçatka dilleriniň biridir. Çukotka awtonom okrugynyň Bering etraplaryna ýaýrandyr. Bu dili Korýak diline ýakyn hasaplaýarlar. Kerek dilinde gepleýänleriň sany 100 adam töweregi diýlip çaklanylýar. Maýno-pilgin we hatyr şiweleri bar. Ýazuwy ýok. Kem dili- ýeniseý sillerine degişlidir. Ýeniseý derýäsynyň akymy boýunça Kureýkden Tungusa çenli ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 700 hasaplanýar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Käbir ýagdaýlarda içki fleksiýa göze ilýär. Ýazuwy ýok. Komi dili- ugor-fin dilleriniň biridir. Fin toparynyň perm toparçasyna girýär. Komi respublikasynda, Ýamalo- Nenes, Hanty-Mansyý awtonom okruglarynda ýaýrandyr. Bu dilde 320 müňden köpüräk adam gepleýär diýlip çak edilýär.Şiwelere bölünişi örän ýokary derejede. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde örän köp mukdarda rus sözleri bar.XVII asyra çenli Stefan Permskiý tarapyndan döredilen elipbiý bolupdyr, soň rus elipbiýi esasynda düzülen elipbiýe geçilipdir. Kopt dili- abhaziýa dillerine degişlidir. Müsür toparyna girýär. Özünde gadymy müsür diliniň ösüşiniň 79 netijesini jemläpdir. Häzirki döwürde janly gepleşikde ulanylmaýar. Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Dilde grek dilinden alnan sözler köp.Özünde 32 belgini jemleýän, grek elipbiýiniň esasyndaky kopt elipbiýi ulanylýar. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling