Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet47/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Koreý dili- gelip çykyşy taýyndan izolirlenilen 
dillere degişlidir. Esasan Koreý ýarym adasynda 
ýaýrandyr.Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň 
(Demirgazyk Koreýa) we Koreýa Respublikasynyň 
(Günorta Koreýa) döwlet dilidir. Bu dilde gepleýan 
adamlaryň sany 60 mln adam töweregi diýlip 
hasaplanylýar. Grammatiki gurluşy taýyndan fleksiýa 
elementleri bilen, goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala 
aşyrýan dillere degişlidir. Korol Beýik Sejonyň 
goldamagynda 1444-nji ýylda döredilen harp-bogun 
ýazuwy peýdalanylýar. 
 
Korn dili- hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Kelt 
toparynyň brit toparçasyna girýär. Kornuol (Beýik 
Britaniýa) ýarym adasynyň çäklerinde ýaýrapdyr. Häzirki 
wagtda bu dili emeli ýagdaýda dikeltmäge synanşyklyklar 
edilýär. Şiwelere bölünişi barada maglumatlar ýok. 
Grammatiki many aňladyşyň analitiki usullary agdyklyk 
edipdir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. 
 
Korýak dili- çukotka-kamçatka dillleriniň biridir. 
Kamçatkada ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 5,4 
müň adam töweregidir. Çawçuwen, apukin, kamen, paren, 
itkan şiweleri bar. Edebi diliniň esasynda çawçuwen 
şiwesi ýatýar. Ýazuwy 1931-nji ýylda latyn elipbiýiniň 
esasynda döredilip, 1936-njy ýylda rus elipbiýine 
geçirilýär. 
 
Kott dili- ýeniseý dillerine degişlidir. XiX asyryň 
ortalaryndan başlap ulanylyşdan galypdyr. Bu dil baradaky 


80 
maglumatlar az. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edipdir. 
Krio dili- kreol dilleriniň biridir. Iňlis diliniň 
esasynda emele gelipdir. Ekwatorial Gwineýede, 
Gambiýada, Serra-Leonda ýaýrandyr. Grammatik gurluşy 
kök bilen baglanyşyklydyr.Ýazuwy ýok. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling