Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Li dili- taý dillerine degişlidir. Haýnan (Hytaý) adasynyň günorta etraplaryna ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 360 müň adam töweregidir. Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Soňky ýyllara çenli ýazuwy ýokdy. Häzirki wagtda latyn elipbiýiniň esasyndaky ýazuwy döredildi. Liw dili-ugor-fin dilleriniň biridir. Fin toparynyň pribaltika-fin toparçasyna girýär. Litwanyň Latwiýanyň Talsin we Wenspil etraplarynda ýaýrandyr. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 83 usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda bolupdyr, häzirki wagtda ulanylmaýar. Lidiý dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Het- luwiý toparyna girýär. Kiçi Aziýada b.e.öňki VII-V müňýyllykda ýaýrapdyr, Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edipdir, dil flektiw dillere degişlidir. Häzirki dower gelip ýeten tekstleri lidiý elipbiýinde ýazylypdyr. Litwa dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Baltika toparyna girýär. Litwanyň döwlet dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 3 mln adamdan köpüräk hasaplanylýar. Žemaýt we aukşaýt şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrmak bilen bilelikde flektiw dillere degişlidir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda bolup, bu dildäki ilkinji kitap 1547- nji ýylda çap edilýär. Lifu dili-awstroneziýa dilleriniň biridir.Melaneziýa toparyna girýär. Luaýote arhipelagyna girýän Lifu adasynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 15 müň adam töweregidir. Losi we wete şiweleri bar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Luwiý dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Het- luwiý toparyna girýär.B.e.Öň II müňýyllykda Anatoliýada ýaýrapdyr. Grammatik gurluşy flektiw, grammatik many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edipdir. Häzirki dower çenli gelip ýeten tekstleri toýun plitalaryň ýüzüne ieroglif we pahna-bogun hat görnüşleri bilen ýazylypdyr. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling