Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet58/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Neosolomonik dili- iňlis diliniň esasynda döredilen 
kreol dili. Süleýman adalarynyň döwlet dilleriniň biridir 
(iňlis dili bilen bilelikde). Bu dilde gepleýänleriň sany 315 
müň adamdan gowurak. Grammatik many aňlatmakda 


92 
analitik usullar agdyklyk edýär, grammatikasynda kök 
bilen baglanşykly aýratynlyklar uly.Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasynda. 
 
Nepali dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Hindi 
toparyna girýär. Nepal Korollygynyň döwlet dilidir. Nepal 
dilinde gepleýänleriň sany 9 mln adamdan hem köp. 
Merkezi, gündogar,günbatar,dag etegi diýlip atlandyrylýan 
şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. 
Dewenagari (hindi elipbiýleriniň içinde iň giňden ýaýrany) 
ýazuwy ulanylýar. 
 
Niwh dili-Amur derýasynyň aşaky akymlarynda we
Sahaliniň demirgazygynda ýaşaýan ýerli ilatyň dili, gelip 
çykyşy belli edilmedik. Niwh dilinde 1300 töweregi adam 
gepleýär diýlip hasaplanylýar. Demirgazyk sahalin, 
gündogar sahalin, amur şiweleri bar. Grammatik gurluşy 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar 
agdyklyk edýär. 1932-nji ýylda latyn elipbiýiniň esasynda 
ýazuwy döredilýär, 1953-nji ýylda rus elipbiýine geçilýär.
 
Niderland dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. 
German 
toparynyň 
günbatar 
toparçasyna 
girýär. 
Niderlandlaryň we Belgiýanyň (fransuz dili bilen 
bilelikde) döwlet dilidir. Niderland dilinde gepleýänleriň 
sany 20 mln adam. Şiwelere bölünişi ýokary. Grammatik 
gurluşynda analitik we sintetik şäkler utgaşýar.Ýazuwy 
latyn elipbiýiniň esasynda.Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri 
XIII asyra degişli hasaplanylýar. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling