Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet57/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Nemes dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir. 
German 
toparynyň 
günbatar 
toparçasyna 
girýär. 
Germaniýanyň, 
Awstriýanyň, 
Lihtnşteýniň, 
Lýuksemburgyň (Lýuksemburg we fransuz dilleri bilen 
bilelikde) döwlet dilidir. Nemes dilinde gepleýänleriň sany 
100 mln adamdan hem köp. Şiweleriniň arasyndaky 


91 
tapawut 
uly 
bolansoň 
biri-birine 
düşünişmegi 
kynlaşdyrýar. Grammatik gurluşynda analitik we sintetik 
çäkler utgaşýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. 
 
Nengone dili-awstroneziýa dillerine degişlidir. 
Melaneziýa 
toparyna 
girýär. 
Luaýote 
(Täze 
Kaledoniýanyň 
kenarlaryndan 
daş 
bolmadyk) 
arhipelagynyň düzümine girýän Mare adasynda ýaýrandyr. 
Bu dilde 6 müň töweregi adam gepleýär. Ýazuwy XIX 
asyryň ikinji ýarymynda latyn elipbiýiniň esasynda 
döredilýär. 
 
Nenes dili-samodiý dilleriniň biridir. Tundrada 
Kolsk ýarym adasyndan Ýeniseýiň kenarlaryna çenli 
ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 26 müň adam 
töweregidir. Tundra we tokay diýlip atlandyrylýan iki 
şiwesi bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. 
Ýönekeý 
sözlemdäki 
sözler-eýe-doldurgyç-habar 
görnüşinde ýerleşýär. Sözlük düzüminde rus dilinden 
geçen sözler köp. Ýazuwy 1932-nji ýyldan latyn, 1937-nji 
ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Neomelaneziýa dili-iňlis diliniň esasynda emele 
getirilen kreol dili. Täze Gwineýada iňlis dili bilen 
bilelikde ýaýran hem-de döwlet dili hasaplanylýar. Bu 
dilde gepleýänleriň sany 3 mln adam töweregi adam. Söz 
ýasalyşy esasan, sözleriň goşulmagyna daýanýar. Ýazuwy 
latyn elipbiýiniň esasynda. Çeper eserleri 1961-nji ýylyň 
aýaklaryna çapdan çykyp başlaýar. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling