90
Ýazuwy 1931-nji ýyldan 1963-nji ýyla çenli latyn
elipbiýiniň, soňra rus elipbiýiniň esasyndadyr.
Nauru
dili-awstroneziýa
dilleriniň
biridir.
Mikroneziýa toparyna girýär. Nauru Respublikasynyň iki
döwlet diliniň (iňlis dili bilen bilelikde) biridir. Şiwelere
bölünmeýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr.
Nganasan dili- samodiý dillerine degişlidir.
Taýmyr ýarym adasynda ýaýrandyr.Gepleýänleriň sany
800 adam töweregidir. Awam we wadeýew şiweleri bar.
Grammatik many aňladyşyň
sintetik usullary agdyklyk
edýär. Rus dilinden alnan sözleriň sany köp. Ýazuwy ýok.
Newar dili-hytaý-tibet dilleriniň biridir. Tibet-
birman toparyna girýär. Neapalda, şeýle-de Hindistanyň
we Butanyň käbir etraplarynda ýaýrandyr.
XIV-XVIII
asyrlarda Neapalyň resmi dili bolupdyr. Newar dilinde
gepleýänleriň sany 730 müň adam töweregidir. Grammatik
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda
sintetik
usullar agdyklyk edýär. Bogunlaýyn hindi ýazuwy
peýdalanylýar.
Negidal dili-tungus-mançžur dilleriniň biridir.
Orsyýediň Habarowsk ülkesiniň çäklerinde ýaýrandyr.
Negidal dilinde gepleýänleriň sany 250 adam çemesidir.
Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala
aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda
sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok.
Do'stlaringiz bilan baham: