Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Nikobar dili-aystroaziýa dilleriniň biridir. Gelip çykyşy taýyndan haýsy dil maşgalasyna degişlidigi belli däl. Hindi ummanynyň nikobar adalarynda ýaýrandyr. 93 Nikobar dilinde gepleýänleriň sany 30 müň adam töweregidir. Grammatik gurluşynda goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrmaklyk häsiýeti ýokary. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. Niue dili-awstroneziýa dillerine degişlidir. Polineziýa toparynyň tongan toparçasyna girýär.Täze Zelandiýa degişli Niue adasynda ýaýrandyr. Bu dilde 4 müň töweregi adam gepleýär. Motu we tafiti şiweleri bar. Grammatik gurluşy kök bilen baglanyşykly, grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde samoan dilinden alnan sözler köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Nowial dili- 1928-nji ýylda Otto Espersen tarapyndan döredilen emeli dil. Ulanylyş çägi giň däl. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär, ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. Nogaý dili- türki dilleriň biridir. Dagystanyň demirgazygynda, Orsyýetiň Stawropol we Krasnodar ülkeleriniň birentek etraplarynda ýrandyr. Nokaý dilinde 55 müň töweregi adam gepleýär diýlip çaklanylýar. Ak nogaý, gara nogaý, merkezi nogaý şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy 1924-28-nji ýyllarda arap, soň latyn, 1938-nji ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. Norweg dili- hindi-ýewropa dillerinine degişlidir. German toparynyň demirgazyk (skandinaw) toparçasyna girýär. Norweg Korollygynyň döwlet dilidir. Norweg dilinde gepleýänleriň sany 5 mln adam töweregidir. Edebi dili riksmol we landsmon atlandyrylýan iki görnüşde ýüze çykýar. Riksmol görnüşini ýurduň ilatynyň 80%-i, |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling