97
gepleýänleriň sany 1,3 mln adam töweregidir. Ýazuwy
latyn elipbiýiniň esasyndadyr. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri
XVIII asyra degişlidir.
Penjabi dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir.
Hindi toparyna girýär. Penjap ştatynda ýaýrandyr. Penjaby
dilinde gepleýänleriň umumy sany 70
mln adamdan hem
geçýär. Grammatik gurluşy analitiklige ýakyn.
Hindi-
ýewropa dillerine häsiýetli
bolmadyk, sözleriň manysyna
täsir edýän owaz äheňlerine eýedir. Penjabi dili üçin
Hindistanda gurumukhi bogun ýazuwy,
Pakistanda arap
elipbiýi ulanylýar.
Papýamento dili- ispan diliniň
esasynda emele
gelen kreol dili. Aruba, Kýurasao, Bonaýre adalarynda
ýaýrandyr. Grammatik gurluşy analitik. Söz ýasalyş
sözleri goşmak arkaly amala aşyrylýar. Ýazuwy ýok.
Parýa dili- hindi-ýewropa dillerine degişli.
Hindi
toparyna girýär. Gissar jülgesinde (Täjigistan) ýaýrandyr.
Parýa dilinde gepleýänleriň sany müň adam töweregi
diýlip hasaplanylýar. Bu dilde gepleýänleriň köpüsi onuň
bilen bilelikde täjik dilini hem bilelikde ulanýarlar.
Ýazuwy ýok.
Do'stlaringiz bilan baham: