Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet65/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Rarotongan 
dili- 
awstroneziýa 
dilleriniň 
polineziýa toparyna girýär. Kuka adasynyň düzümine 
girýän Ratotonga adasynda ýaýrandyr. Bu dilde 9 müň 
adam gepleýär. Grammatik many aňlatmakda analitik 
usullara eýedir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Retoroman dili-hindi-ýewropa dilleriniň proman 
toparyna girýär. Şweýsariýanyň Graubýunden etrabynda 
we demirgazyk Italiýanyň käbir etraplarynda ýaýrandyr. 
Şweýsariýanyň dört döwlet diliniň (fransuz, nemes, italýan 
dilleri bilen bilelikde) biridir. Bu dilde 750 müň töweregi 
adam gepleýär. Şiwelere bölüniş derejesi, olaryň 
arasyndaky tapawutlar örän ýokary. Şonuň üçin-de käbir 
alymlar olary birtopar aýratyn garyndaş diller diýp 
çaklaýarlar. Grammatik many aňlatmakda analitik usullara 
eýedir. Şweýsar şiwesiniň sözlük düzüminde nemes 
dilinden alnan sözler köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
 
Rotuma dili- awstroneziýa dilleriniň melaneziýa 
toparyna degişlidir. Rotuma adasynda ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 8 müň adam töweregidir. Ýazuwy 
latyn elipbiýiniň esasyndadyr.
 
Rumyn dili- hindi-ýewropa dilleriniň roman 
toparyna degişlidir. Rumynyýanyň döwlet dilidir. Rumyn 
dilinde 20 mln töweregi adam gepleýär. Grammatik many 
aňlatmakda analitik usullara eýedir. Sözlük düzüminde 
slawýan dillerinden geçen sözler köp. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Rusin dili- hindi-ýewropa dilleriniň slawýan 
toparynyň günorta toparçasyna degişlidir. Karpat 
daglarynda ýaýrandyr. Bu dilde 100 müň töwregi adam 
gepleýär. Rusin dili üç döwletiň Ukrainanyň, 
Slowakiýanyň, Polşanyň çäginde ýaýrandyr. Edebi diliň 


101 
bütewi kadalary işlenilip düzülmedik ýagdaýdadyr. 
Grammatik gurluşy flektiw, Grammatik many aňlatmakda 
sintetik usullara eýedir. Ýazuwy slawýan elipbiýiniň 
esasyndadyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling