Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
Selkup dili- samodiý dillerine degişlidir.Günbatar Sibiriň demirgazyk-gündogarynda we gündogarynda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 2 müň adam töweregidir. Demirgazyk, merkezi, gündogar, günorta şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy XX asyryň 30-njy ýyllarynda latyn elipbiýiniň esasynda döredildi, 50-nji ýyllarda rus elipbiýine geçildi. Serbhorwat dili- hindi-ýewropa dilleriniň slawýan toparynyň günorta toparçasyna degişlidir. Horwatiýanyň, Bosniýanyň döwlet dilidir. Serbhorwat dilinde 16,5 mln adam gepleýär. Şotoko, çakow,kaýkow şiweleri bar. Grammatik gurluşy flektiw. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Edebi dil horwat we serb görnüşlerinde ýüze çykýar. Horwat görnüşi Horwatiýanyň çäklerinde, serb görnüşi bolsa, Bosniýanyň çäklerinde ýaýrandyr. Olaryň arasyndaky tapawut aýdylyş äheňinde we sözlük düzümindedir. Edebi diliň horwat görnüşinde halkara sözleri ýokdur, ol düşünjeler diliň öz sözleri arkaly 104 aňladylýar. Häzirki wagtda bu dilleriň her haýsysynyň özbaşdak dil hökmünde bölünmesi amala aşyrylýar. Sefard dili- hindi-ýewropa dilleriniň roman toparyna girýär. Rumynýada, Bosniýada, Gresiýada, Türkiýede, Ysraýylda, Demirgazyk Afrika ýurtlarynda ýaýrandyr. Bu dilde 100 müň töweregi adam gepleýär. Şiwelere bölünmegi diliň ýaýran ýurtlary bilen baglydyr.Edebi dili Ispaniýanyň XV asyrdaky edebi diline ýakyndyr. Sözlük düzüminde ýewreý dilinden (iwritden) geçen sözler köpdür. Milli ýewreý elipbiýi ulanylýar. Singal dili- hindi-ýewropa dilleriniň hindi toparyna degişlidir. Şri-Lankanyň döwlet dilidir. Singal dilinde 12 mln töweregi adam gelpeýär. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde tamil, pars, arap, malaý şeýle-de iňlis we portugal dillerinden geçen sözler köp. Hindi bogun ýazuwynyň bir görnüşi bolan granthi peýdalanylýar. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling