Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet69/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Slowak dili- hindi-ýewropa dilleriniň slawýan 
toparynyň günbatar toparçasyna degişlidir. Slowakiýanyň 
döwlet dilidir. Slowak dilinde 5 mln töweregi adam 
gepleýär. Günbatar slowak, orta slowak, günorta slowak 
şiweleri bar. Grammatik gurluşy flektiw, grammatik many 
aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Slowen dili- hindi-ýewropa dilleriniň slawýan 
toparynyň günorta toparçasyna girýär. Sloweniýanyň 
döwlet dilidir. Bu dilde 2 mln-dan köpüräk adam gepleýär. 
49 şiwesi bolup, olar 7 sany esasy şiwe toparlaryna 
birleşýärler. Grammatik gurluşy flektiw, grammatik many 
aňlatmakda sintetik usullara eýedir. Köplük san 


105 
aňlatmakda ikilik san hem ulanylýar. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr.
 
Sogdiý dili- eýran dilleriniň biridir. VIII-IX 
asyrlarda Orta Aziýanyň günorta etraplarynda giňden 
ýaýrapdyr. Sogdiý ýazuwy peýdalanylypdyr. Gadymy 
ýazuw ýadygärlikleri ikinji asyra degişli hasap edilýär. 
 
Soýot dili- türki dilleriniň biridir. 1993-nji ýyla 
çenli tuwa diliniň bir şiwesi hasaplanyldy. Burýatiýanyň 
Soýot milli geňeşliginiň çäklerinde ýaýrandyr. Soýot 
dilinde 500 töw3eregi adam gepleýär. Grammatik gurluşy 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik usullar 
agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. 
 
Sokotriý dili- afraziýa dilleriniň semit toparyna 
girýär. Ýemene degişli bolan Sokotra adasynda ýaýrandyr. 
Bu dilde 50 müň töweregi adam gepleýär. Kenar we dag 
şiweleri bar. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullara eýedir. Ýazuwy ýok. Ýazuw-edebi dil hökmünde 
sokotrililer arap dilini ulanýarlar. 
 
Solon dili-tungus-mançžur dillerine degişlidir. 
Hytaýyň demirgazyk-gündogar welaýatlarynda ýaýrandyr. 
Solon dilinde gepleýänleriň sanyny birnäçe müň adam 
hasaplaýarlar. Şiwelere bölünişi hakynda maglumat ýok. 
Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala 
aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda 
sintetik usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling