Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet66/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Rus 
dili- 
hindi-ýewropa 
dilleriniň slawýan 
toparynyň günorta toparçasyna degişlidir. Russiýa 
Federasiýasynyn döwlet dilidir. GDA döwletlerinde-de 
giňden ýaýrandyr. Birleşen Milletler Guramasynyň iş 
dilleriniň biridir. Rus dilinde 250 mln-dan hem köp adam 
gepleýär. Şiwelere bölüniş derejesi ýokary däl, olaryň 
arasyndaky 
tapawut 
düşünişmegi 
kynlaşdyrmaýar. 
Demirgazyk we günorta gepleşikleri bar. Grammatik 
gurluşy flektiw, Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullara eýedir. Sözlemde sözleriň ýerleşişi erkin 
ýagdaýda. Ýazuwy slawýan elipbiýiniň esasyndadyr.
 
Ruşan dili- hindi-ýewropa dilleriniň eýran toparyna 
girýär.Täjigistanyň 
Daglyk 
Badahşan 
etrabynda 
ýaýrandyr. Bu dilde 13 müň töweregi adam gepleýär. 
Diliň ýazuwy ýok. 
 

 
Saam 
dili-ugor-fin 
dilleriniň fin toparynyň 
pribaltika-fin 
toparçasyna 
degişlidir.Şwesiýada, 
Finlandiýada, Norwegiýanyň demirgazyk etraplarynda 
ýaýrandyr. Bu dilde 50 müň töweregi adam gepleýär. 
Günbatar we gündogar şiwe toparlary bar. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri XVII asyra 
degişli hasaplanylýar. 


102 
 
Samoan dili- awstroneziýa dilleriniň polineziýa 
toparyna girýär. Günbatar Saomanyň döwlet dilidir. Bu 
dilde 240 müň töweregi adam gepleýär. Şiwelere 
bölünmeýär. Grammatik many aňlatmakda analitik 
usullara eýedir.ýazuwy 1834-nji ýyldan bäri latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling