98
gurluşy flektiw, Grammatik many aňlatmakda
sintetik
usullar ulanylypdyr. Ýazuwy ýok. Polab dilindäki halk
döredijilik eserleri nemesler tarapyndan ýygnalyp, latyn
elipbiýinmde ýazylypdyr.
Polýak dili- hindi-ýewropa dillerine degişlidir.
Slawýan toparynyň günbatar toparçasyna girýär. Polşanyň
döwlet dilidir. Polýak dilinde gepleýänleriň sany 42 mln
adam töweregidir. Beýik polýak, kiçi polýak, mazowes,
silez ýaly esasy şiweleri bar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň
esasyndadyr.
Ponape dili- awstroneziýa dilleriniň mikroneziýa
toparyna degişlidir. Mikroneziýanyň demirgazyk-günorta
böleginde ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 26 müň
adamdak köpüräk. Grammatik gurluşy goşulma
arkaly
söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Ýazuwy
latyn elipbiýiniň esasynda.
Portugal dili- hindi-ýewropa dilleriniň
roman
toparyna girýär. Portugaliýanyň, Braziliýanyň,
Afrika
döwletleriniň käbiriniň döwlet dilidir. Portugal dilinde 150
mln-dan köpüräk adam gepleýär. Grammatik many
aňlatmakda analitik usullara eýedir. Ýazuwy latyn
elipbiýiniň esasyndadyr.
Do'stlaringiz bilan baham: