Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet70/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Solresol dili- XIX asyryň birinji ýarymynda 
fransuz Ž.F.Sýudr tarapyndan oýlanylyp tapylan emeli 
dil.Diliň gurluşy üçin sesleriň ýerine ýedi nota 
peýdalanylypdyr. Solresol dilinde tekst ýazmak üçin a) 
latyn elipbiýiniň birinji ýedi harpy, b) 1-den 7-ä çenli 
sanlar, ç) nota belgileri ulanylyp bilner. Grammatik many 


106 
aňlatmakda analitik usullara eýedir. Bu dil giň gerime eýe 
bolmady. 
 
Somaliý dili- afraziýa dilleriniň kuşit toparyna 
degişlidir. Somaliniň döwlet dilidir. Efiopiýanyň, 
Keniýanyň käbir etraplarynda ýaýrandyr. Bu dilde 7 mln 
töweregi adam ýaşaýar.Isak, issa, darod, hawiýa, digil 
şiweleri bar. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullara eýedir. Many tapawutlandyrmaga hyzmat edýän 4 
owaz äheňleri bar. Sözlük düzüminde arap dilinden alnan 
sözler köp. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr.
 
Sranan-tongo dili- niderland diliniň esasynda 
emele gelen kreol dil. Surinamede giňden ulanylýar. 
Şiwelere bölünişi hakynda maglumat ýok. Şiwelere 
bölünişi hakynda maglumat ýok. Grammatik many 
aňlatmakda analitik usullara eýedir. Ýazuwy latyn 
elipbiýiniň esasyndadyr. Sarnan-tango diliniň hiç hili 
resmi derejesi bolmasa-da onda çeper edbiýat, gazýetler, 
žurnallar çap edilýär. 
 
Suahili dili- benue-kongolez dilleriniň bantu 
toparyna girýär. Tanzaniýada, Keniýada, Ugandada iňlis 
dili bilen bilelikde döwlet dili hökmünde peýdalanylýar. 
Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala 
aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda 
sintetik usullar agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde arap 
dilinden geçen sözler köp. Ýazuwy XVIII asyrdan başlap 
arap elipbiýinde, XX asyrda latyn elipbiýine geçilýär.
Sygan dili- hindi-ýweropa dillerine degişlidir. 
Hindi toparyna girýär. Sygan dilinde gepleýänleriň sany 
anyklanylmadyk ýagdaýda. Dürli barlagçylar olary 1-5 
mln aralaygynda hasaplaýarlar. Diliň şiwelere bölünişi 
örän ýokary derejede. Bütewi edebi dili ýok. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 


107 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda analitik 
usullar agdyklyk edýär. Rus şeýle-de latyn elipbiýiniň 
esasynda ýazuwy döredilmäge synanşyk edilde-de umumy 
Kabul edilen ýazuwy ýokdur. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling