Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet55/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Mon dili-awstroaziýa dillerine degişlidir. Mon-
khmer toparyna girýär.Mýanmede (Birmada) we 
Taýlandda ýaýrandyr. Mon dilinde gepleýänleriň sany 500 
müň adam töweregidir.Grammatik many aňladyşyň 
analitik usullary agdyklyk edýär.Söz ýasalyşyň esasy 
usuly sözleri goşmakdyr. Dilde milli bogun ýazuwy 
ulanylýar. 
 
Mordwa 
dili-ugor-fin 
dilleriniň 
biridir.Fin 
toparynyň wožsk toparçasyna girýär. Mordowada we onuň 
bilen serhetleşýän çäklerde ýaýrandyr. Bu dilde 1 mln-dan 
gowrak adam gepleýär diýlip hasaplanylýar. Mordwa dili 
mokşan we erzýan görnüslerinde ýüze çykýar. Olar biri-


89 
birinden örän tapawutlanýarlar. Dilçi alymlaryň köpüsi bu 
görnüşleri aýratyn diller hasap edýärler. Grammatik 
gurluşy goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir. Grammatik many aňlatmakda sintetik 
usullar agdyklyk edýär. Ýazuwy rus elipbiýiniň esasynda. 
Ilkinji ýazuw ýadygärliklerini XVIII asyryň ahyryna 
degişli hasaplaýarlar. 
 
Myong 
dili- 
awstroaziýa 
dillerine 
degişlidir.Wetnam 
toparyna 
girýär. 
Wetnamyň 
demirgazygynda ýaýrandyr. Myong dilinde gepleýänleriň 
sany 680 müň adam töweregidir.Demirgazyk, merkezi, 
günorta diýlip atlandyrylýan üç sany şiwesi bar. 
Grammatiki gurluşy kök bilen baglydyr. Grammatik many 
aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. 
Myong dilini bilýänleriň köpüsi iki dillilige eýedir, olar 
wetnam dilini hem bilýärler. 
Men dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir.Kelt 
toparynyň gel toparçasyna girýär. Irland deňziniň Men 
adasynda ýaýrapdyr. XX asyryň ikinji ýarymynda 
ulanylyşdangalypdyr.Grammatik many aňladyşyň analitik 
usullary agdyklyk edipdir. Ýazywy latyn elipbiýiniň 
esasynda bolupdyr. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling