74
bilelikde
Irlandiýanyň
döwlet
dilidir.Bu
dilde
gepleýänleriň sany 600 müň adam diýlip çaklanylýar. Üç
sany- munster, konnaht, uster şiwesi bar. Şiweleriniň
arasyndaky tapawutlar örän uly, şiwelerde gepleýänleriň
biri-birine
düşünmeýän
ýagdaýlary
hem
bolýar.
Grammatik many aňladysýň
analitik usullary agdyklyk
edýär. Sözlemde sözleriň tertibi berk saklanýar: işlik
(habar), at ýa-da çalyşma (eýe), doldurgyç. Ýazuwy latyn
elipbiýiniň esasynda.
Island dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. German
toparynyň demirgazyk (skandinaw) toparçasyna girýär.
Islandiýanyň döwlet dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany
242 müň adam töweregi adam hasaplanylýar. Şiwelere
bölünişi göze ilmeýär. Grammatik many aňladyşyň
sintetik usullary agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde
alynma sözler örän az. Täze düşünjeler island diliniň öz
sözleri bilen aňladylýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň
esasyndadyr.
Ispan dili-hindi-ýewropa dillerine girýär.
Roman
toparyna degişlidir. Ispaniýanyň we Latyn Amerikasynyň
19 döwletiniň döwlet dilidir. Şeýle-de käbir
Afrika
döwletlereine hem ýaýrandyr. Birleşen
Milletler
Guramasynyň iş dilleriniň biridir. Bu dilde 300 mln
töweregi adam gepleýär diýlip hasaplanylýar. Şiwelere
bölünişi örän ýokary derejede.
Grammatik many
aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Sözlük
düžüminde arap dilinden alnan sözler köp. Ýazuwy latyn
elipbiýiniň esasynda.
Italýan dili-hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Roman
toparyna girýär. Italiýanyň, Watikanyň, San Marinonyň
döwlet dilidir. Bu dilde 65 mln-dan hem köp adm
gepleýär. Şiwelere bölünişi ýokary derejede.
Grammatik
75
many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk edýär. Ýazuwy
latyn elipbiýiniň esasynda
Do'stlaringiz bilan baham: