Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet45/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Kariý dili- hindi-ýewropa dilleriniň biridir. Het-
luwiý toparyna girýär. B.e.ö VII-III asyrlarda Kiçi 
Aziýanyň 
günorta-günbatarynda 
ýaýrapdyr. 
Kariý 
elipbiýinde ýazylan 200 töwregi ýadygärlik (ýazgy) 
saklanyp 
galypdyr. 
Grammatik 
gurluşy-flektiw, 
Grammatik many aňladyşyň sintetik sintetik usullary 
agdyklyk edipdir. 
 
Katalan dili-hindi-ýewropa dillerine degişlidir. 
Roman toparyna girýär. Ispaniýanyň Kataloniýa awtonom
ülkesinde, Andorra knýazlygynyň çäklerinde ýaýrandyr. 
Ol ispan, fransuz dilleri bilen bilelikde üç döwlet diliniň 
biridir. Bu dilde gepleýänleriň sany 7,8 mln adam 
hasaplanylýar.Gündogar we günbatar şiweleri bar. 
Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk 
edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Kaiti dili-hindi-ýeweropa dilleriniň biridir. Dard 
toparynyň günbatar (nurystan) toparçasyna girýär. 
Owganystanyň Nurystan welaýatynda ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 30-40 müň adam diýlip çaklanylýar. 
Nurystanyň beýleki milli toparlaryndan birnäçe müň adam 
ony ikinji ene dili hökmünde kabul edýär. Mundan başga-
da kaiti dilinde gepleýänleriň köpüsi dariý dilini hem 


77 
bilýärler. Edebi dil görnüşinde ýüze çykmaýar. Soňky 
döwürlerde arap elipbiýiniň esasynda ýazuw döretmäge 
synanşyklar edilýär. 
 
Kaffa dili-afraziýa dillerine degişlidir. Omot 
toparyna girýär. Efiopiýanyň günorta-günbataryndaky 
Kefa ülkesinde ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 
380 müň adam töweregidir diýlip çak edilýär. Grammatik 
many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. Diliň 
ýazuwy ýok. 
 
Kaşub 
dili-hindi-ýewropa 
dilleriniň 
biridir. 
Slawýan toparynyň günbatar toparçasyna girýär. Polşada 
Gadansk şäherine degişli etraplarda ýaýrandyr. Bu dilde 
gepleýänleriň sany 180 müň adam hasaplanylýar. 
Grammatik gurluşy flektiw, Grammatik many aňladyşyň 
sintetik usullary agdyklyk edýär.Özüne has ýakyn bolan 
polýak dilinden ilkinji nobatda sözlük düzümi hem-de 
fonetikasy bilen tapawutlanýar. Günbatar slawýan 
dilleriniň arasaynda diňe kaşub dili hereket edýän basymy 
özünde saklaýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling