Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet37/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
Galmyk 
dili-mongol 
dillerine 
degişlidir. 
Galmygystanda, bölekleýin ýagdaýda Russiýanyň Rostow, 
Astrahan oblastlarynda, Stawropol ülkesinde ýayrandyr. 
Bu dilde 134 müňden gowrak adam gepleýär. Derbet we 
torgut şiweleri bar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. 1628-
1924-nji ýyllarda mongol elipbiýiniň esasyndaky ýazuw 
ulanylýar, 1924-1931-nji ýyllarda rus, 1931-1938-nji 
ýyllarda latyn elipbiýleri ulanylýar. 1938-nji ýyldan başlap 
ýene rus elipbiýiniň esasyndaky ýazuwa geçilýär. 


67 
 
Garaýym dili- türki dilleriniň biridir. Krymyň uly 
bolmadyk adalarynda, günbatar Ukrainada, Litwada, 
Polşada ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 540 müň 
adamdan gowrak hasaplanýar. Grammatik gurluşy 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary 
agdyklyk edýär.Bütewi edbi dili emele gelmändir 
hasaplanylýar. Dürli döwürlerde garaýym dilli toparlar 
ýewreý, latyn, rus elipbiýlerini peýdalanypdyrlar 
 
Garagalpak 
dili- 
türki 
dilleriniň 
biridir. 
Garagalpak 
awtonomiýasynda 
(Özbegistanyň 
demirgazygy) ýayrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 300 
mün adamdan hem köpdür. Demirgazyk-gündogar we 
günorta-günbatar şiweleri bar. Grammatik gurluşy 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary 
agdyklyk edýär. Ýazuwy 1924-28-nji ýyllarda arap 
elipbiýiniň, 1928-40-njy ýyllarda latyn, soň rus elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
 
Garaçaý-Balkar 
dili-türki 
dilleriň 
biridir. 
Kabardin-Balkarda, Garaçaý-Çerkesde ýaýrandyr. Bu 
dilde gepleýänleriň sany 200 müň adamdan köpräk 
hasaplanylýar. Grammatik gurluşy goşulma arkaly söz 
üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir. Grammatik 
many aňladyşyň sintetik usullary agdyklyk edýär. Sözlük 
düzüminde rus, gruzin, osetin sözleri bar. Ýazuwy 1924-
26-njy ýyllarda arap, 1926-1937-nji ýyllarda latyn, soň rus 
elipbiýiniň esasyndadyr.

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling