Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet34/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Eston dili-ugor-fin dilleriniň biridir. Fin toparynyň 
pribaltika-fin 
toparçasyna 
girýär. 
Estoniýa 
respublikasynyň döwlet dilidir. Bu dilde gepleýänleriň 
umumy sany bir million adamdan gowrak hasaplanylýar. 
Eston diliniň demirgazyk, günorta, demirgazyk-gündogar 
şiweleri bar. Wyru şäherinde geplenilýän günorta şiwä 
käwagt aýratyn dil hökmünde seredilýär. Grammatik 
gurluşy-flektiw, şeýle-de goşulma arkaly söz üýtgedilişi 
amala aşyrýan dillere degişlidir. Eston dilinde atlar 14 
düşümde üýtgeýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. 
Ilkinji ýazuw ýadygärlikleri XIII asyra degişli 
hasaplanylýar. Eston dilinde birinji kitap 1535-nji ýylda 
çap edilipdir 
Ewenkiý dili-tunguz-manjžur dilleriniň biri bolup
Ewenkiýanyň 
çäklerinde 
ýaýrandyr. 
Bu 
dilde 
gepleýänleriň uly bolmadyk toparlary Mongoliýanyň, 
Hytaýyň çäklerinde hem ýaşaýarlar. Ewenkiý dilinde 
gepleýänleriň umumy sany 30 müň adam töweregidir. 


64 
Demirgazyk, günorta, gündogar şiwelerine bölünýär. Dil 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Sözlük düzüminde rus dilinden alnan sözler 
köp. Ýazuwy 1931-nji ýyldan latyn, 1937-nji ýyldan rus 
elipbiýiniň esasynda alnyp barylýar. 
Ewen dili-tunguz-manjžur dillerine degişlidir. Ohot 
deňziniň kenarlarynda, şeýle-de Ýakutystanyň, Orsyýetiň 
Magadan oblastynyň serhetdeş etraplarynda ýaýrandyr. Bu 
dilde gepleýänleriň sany 7 müň adam töweregi diýlip 
bellenilýär. Gündogar, günbatar gepleşiklerine bölünýär. 
Dil goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Ewen diliniň sözlük düzüminde rus, korýak, 
ýukagir dillerinden geçen sözler köp. Ýazuwy 1931-nji 
ýyldan latyn, 1936-njy ýyldan rus elipbiýiniň esasynda 
alnyp barylýar. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling