Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet35/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU


 
Falisk dili-Hindi-ýewropa dillerine degişlidir. Italiý 
toparyna girýär.Italiýada Faleriýa şäheriniň etraplarynda 
ýayrapdyr. Bize gelip ýeten ýazuw ýadygärlikleri b.e.ö 
VII-VI asyrlara degişli diýlip çaklanylýar. Grammatik 
gurluşy flektiw. Sözlük düzüminde latyn we etrus 
dilleriniň sözleri bar. Dilde latyn elipbiýi peýdalanylypdyr.
 
Farer dili- Hindi-ýewropa dillerine degişlidir. 
German toparynyň demirgazyk (skandinaw) toparçasyna 
girýär. Farer adalarynyň (Daniýanyň awtonom ülkesi) 
resmi dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 42 müň adam 
töweeregi 
diýlip 
bellenilýär.Grammatikasy 
özünde 
sintetiki we analitiki aýratynlyklary jemleýär. Ýazuwy 
latyn elipbiýiniň esasyndadyr. 
 
Fiji dili-awstroneziýa dilleriniň biridir. Malaneziýa 
toparyna girýär. Malaneziýa dilleriniň içinde polineziýa 
dillerine has ýakyn. Fiji adalarynda ýaýrandyr. Bu dilde 


65 
gepleýänleriň sany 330 müň adam töweregi diýlip 
hasaplanylýar. Fiji diliniň gündogar we günbatar şiweleri 
bar. Olaryň arasyndaky tapawut örän uly bolup, hatda biri-
birine düşünilmezlik derejededir. Edebi dili gündogar 
şiweeleriniň biri-mbau şiwesiniň esasynda emele gelipdir. 
Grammatik many aňladyşyň analitik usullary agdyklyk 
edýär. Ýazuwy 1835-nji ýyldan başlap latyn elipbiýiniň 
esasyndadyr. 
 
Fin dili-ugor-fin dilleriniň biridir. Fin toparynyň 
pribaltika-fin toparçasyna girýär, Finlandiýanyň döwlet 
dilidir. Bu dilde gepleýänleriň sany 5,3 mln-dan gowrak 
diýlip hasaplanylýar. Günorta-günbatar, ýem (hýame), 
günorta-botnik, demirgazyk, sawo, günorta-gündogar, 
orta-botnik, demirgazyk-botnik-esasy 8 şiwesi bar. Dil 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir., Grammatik many aňladyşyň sintetik usullary 
agdyklyk edýär. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling