Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet33/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 

Ermeni dili- Hindi-ýewropa dillerine degişlidir. 
Ermenistanyň döwlet dilidir. Siriýada, Liwanda, ABŞ-da, 
Eýranda we beýleki köpsanly ýurtlarda ýaýrandyr. Bu 
dilde gepleýänleriň sany 6 mln adamdan geçýär. Örän köp 
şiwelere bölünýär. Atlarda grammatik many aňladyşyň 
sintetik, işliklerde analitik görnüşi agdyklyk edýär. 
Mesropom Maştosem tarapyndan 406-njy ýylda döredilen 
elipbiý ulanylýar. 
Eskomos dili- Eskimos-aleut dilleriniň biridir. 
Grenlandiýada we Alýaskada ýayrandyr. Eskomoslaryň 
köp bolmadyk mukdardaky topary Çukotkada ýaşaýar. Bu 
dilde gepleýänleriň umumy sany 105 müň töweregi dam 
hasaplanylýar. Şiwelere bölüniş derejesi örän ýokary, 
şonuň üçin-de dilçi alymlaryň köpüsi eskimos dili däl-de 
Eskimos dilleri hakynda gürrün edýärler. Grenlandiýada 
ýaşaýan eskimoslar üçin bu dil resmi derejä eýedir, galan 
sebitlerde ol gündelik gepleşik dili hökmünde ulanylýar. 
Ýazuw Genlandiýada we Alýaskada latyn, Çukotkada rus 
elipbiýleriniň esasynda alnyp barylýar. Kanadadaky 
eskimoslar bogun ýazuwyndan peýdalanýarlar. 


63 
Esperanto dili- halkara gatnaşyklaryndaky emeli 
dilleriň viridir. 1887-nji ýylda L.L.Zamengof tarapyndan 
döredilýär. Onuň Esperanto (umydygär) lakamy şol 
döredilen dile dakylýar. Esperanto dili ilki başda Russiýa 
we Polşa ýaýraýar, eýýäm XX asyryň 20-nji ýyllarynda 
esperantoçylaryň hereketi öz çägini giňeldip, halkara 
häsiýetine eýe bolýar. Esperantonyň grammatik gurluşy 
goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere 
degişlidir. Grammatik many aňladyşda analitik serişdeler 
peýdalanylýar. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasaynda “bir 
ses-bir harp” görnüşinde guralypdyr. Esperanto dilinde çap 
edilen baý edebiýat bar, 140 sany döwürleýin neşir 
çykarylýar. Bu dili goldaýanlaryň uly halkara birleşigi –
Uniwersala Esperanta Asocio atlandyrylýar.

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling