Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Download 2.8 Kb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Birman dili
- Belarus dili
- Bislam dili
Buluç dili- Hindi-ýewropa gilleriniň biri bolup, eýran dilleri toparyna girýär. Pakistanda, Owganystanda, Eýranda, Türkmenistanda ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 4 mln adamden hem geçýär. Günbatar hem-de gündogar şiweleri bar. Ýazuwy arap elipbiýiniň esasyndadyr. Bengal dili- Hindi-ýewropa dillleriniň biridir. Hindi toparyna girýär.Bangladeşiň we Günbatar Bengaliýanyň resmi dilidir. Bu dlde gepleýänleriň sany 170 mln adam töweregidir.Günbatar we gündogar atlandyrylýan iki şiwe topary bar. Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan dillere degişlidir, grammatiki manyny aňladylyşyň sintetik serişdeleri agdyklyk edýär. Assam dili bilen umumy bolan bogun ýazuwy ulanylýar. Bengal dilinde eser döreden meşhur ýazyjy Ribindranat Tagordyr. Besermýan dili- fin-ugor dilleriniň biridir. Fin toparynyň perm toparçasyna girýär. Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 10 müňe golaý. SSSR döwründe udmurt diliniň bir şiwesi hasaplanylýardy. Häzirki wagtda milli duýgularyň ösmegi netijesinde besermýan dili gaýtadan döredi. Bu diliň ýazuwy rus elipbiýiniň esasyndadyr. 57 Birman dili- Hytaý-tibet dillerine degişlidir. Tibet- birman toparyna girýär.Birmanyň döwlet dilidir. Bu dlde gepleýänleriň sany 30 mln adam töweregidir. Biri-birinden güýçli tapawutlanýan arkan, tawoý, inta, danu, taunýou, ýo şiweleri bar. Sözleriň manylaryny tapawutlandyrýan 4 owaz äheňi bar. Diliň ýazuw we gepleýiş görnüşleriniň arasynda tapawut uly. Ýazuwy bogun görnüşinde. Belarus dili- Hindi-ýewropa dilleriniň biridir.Slawýan toparynyň gündogar toparçasyna degişlidir. Belarus respublikasynyň çäklerinde, Russiýa Federasiýasynda, Ukrainada, Litwada, Latwýada ýaýrandyr. Belaruslaryň birtopary Polşanyň gündogar etraplarynda ýaşaýarlar. Belarus dilinde gepleýänleriň sany 8 mln adam töweregi hasaplanylýar. Bu dilde gepleýänleriň köpüsi iki dili bilýär, olaryň birtopary rus dilinde, beýleki bir topary bolsa polýak dilinde geplemegi başarýarlar. Belarus diliniň iki şiwesi bar: demirgazyk- gündogar, günrta-günbatar. Grammatik gurluşy flektiw, grammatiki manyny aňladylyşyň sintetik serişdeleri agdyklyk edýär. Sözlük düzüminde polýak dilinden alnan sözler köp. Şeýle-de baltika dillerinden geçen sözler hem duş gelýär. Häzirki zaman belarus ýazuwynyň esasynda rus elipbiýi ýatýar. Rus elipbiýinden öň latyn elipbiýi, belarus fonetikasyna uýgunlaşdyrylan arap elipbiýi ulanylypdyr. Arap elipbiýini belarus musulman tatarlary Orta asyrlarda peýdalanypdyrlar. Häzirki zaman belarus edebi dili XiX asyryň ortalarynda emele gelipdir. Bislam dili- iňlis diliniň esasynda döredilen keol dilidir.Wanuatu döwletiniň resmi dilidir. Bu dilde gepleýänleriň umumy sany 100 müň adam töweregi hasaplanylýar. Täze şozler, esasan, sözleriň biri-birine 58 goşulmagy arkaly ýasalýar. Ýazuwy latyň elipbiýiniň esasynda. Download 2.8 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling