Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet27/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Alýutor dili- Çukotka-kamçatka dilleriniň biridir. 
Korýak 
awtonom 
okrugynyň 
demirgazygynda 
ýaýrandyr.Gepleýänleriň sany 2 müň adam töweregidir. 


53 
Grammatik many aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk 
edýär. Ýazuwy ýokdur. 
Amhar dili- semit dilleriniň biridir. Efiopiýada 
yaýrandyr we Efiopiýanyň döwlet dilidir. Gepleýänleriň 
sany 15 mln adam töweergi diýlip hasaplanylýar Biri-
birinden az tapawutlanýan üç sany şiwesi bar: şoan, gojan, 
gondar şiweleri. Edebi dili şoan şiwesiniň esasynda emele 
gelipdir. 
Grammatik 
gurluşy-flektiw, 
ýöne 
işlik 
paradigmasy analitik görnüşde köp duş gelýär. Sözlemiň 
habary soňundan gelýär. Bogunlaýyn milli ýazuwy bar. 
Andiý dili- Dagystan dilleriniň biridir. Ol awar 
diline 
yakyndyr.dagystanyň 
Botlih 
etraplarynda 
ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 12 müň adam 
töweregi hasaplanylýar. Ýazuwy 1928-nji ýyla çenli arap 
elipbiýiniň , 1928-1938-nji ýyllarda latyn elipbiýiniň, 
1938-nji ýyldan başlap rus elipbiýiniň esasyndadyr. 
Arap dili- semit dilleriniň biridir.Yrakda, Liwanda, 
Iordaniýada, Kuweýtde, Birleşen arap emirliklerinde
Ýemende, Katarda, Bahreýnde, Omanda, Müsürde. 
Sudanda, Liwiýada, Tunisde, Alžirde, Marokkada we ş.m 
ýaýrandyr. Arap dili Birleşen Milletler Guramasynyň 
resmi dilleriniň biridir. Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 
165 mln adamdan hem köpdür. Diliň şiwe aýratynlyklary 
örän güýçli. Esasy ýörgünli görnüşi nusgawy arap dili 
bolan-Gurhanyň dilidir. Gramatik many aňlatmakda 
sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Ýazuwy sagdan çepe 
ýazylýan 28 harpdan ybarat milli elipbiýiň esasyndadyr. 
 
Aranta dili- Awstraliýanyň ýerli ilatynyň dilleriniň 
biridir. Pama-nýunga maşgalasyna girýär. Bu dilde 
gepleýänleriň sany müň adam töweregidir.Gramatik 
gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 


54 
dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik 
serişdeler agdyklyk edýär. Ýazuwy ýok. 
Arin dili- Ýeniseý dilleriniň biridir. XVIII asyryň 
ikinji ýarymynda ulanylyşdan galan hasaplanylýar. 
Grammatik gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala 
aşyrýan dillere, şeýle-de flektiw dillere degişlidir, 
grammatik many aňlatmakda sintetik serişdeler agdyklyk 
edýär. Ýazuwy ýok.
Assam dili- Hindi-ýewropa dilleiniň biridir.Hindi 
di toparyna girýär. Hindistanyň Assam ştatynyň 
demirgazyk-gündogarynda 
ýaýrandyr. 
Bu 
dilde 
gepleýänleriň sany 10 mln adamdan gowrak. Grammatik 
gurluşy- goşulma arkaly söz üýtgedilişi amala aşyrýan 
dillere degişlidir, grammatik many aňlatmakda sintetik 
serişdeler agdyklyk edýär. Bengal dili bilen umumylykda 
bogun ýazuwy ulanylýar. 
Assiriýa dili- semit dilleriniň biridir.Eýranyň, 
Yragyň, Siriýanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, ABŞ-nyň 
käbir sebitlerinde ýaýrandyr. Bu dilde gepleýänleriň sany 
330 müň töweregi adam. Grammatik many aňlatmakda 
sintetik serişdeler agdyklyk edýär. Assriýa elipbiýi 
ulanylýar. Hat sagdan çepe ýazylýar. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling