26
ç) ýatdan aýdanda, iki-üç gezek sözleriň ýerini çalşyrsa ýa-da
eseriň aýry-aýry bölümlerini ýeterlik ýatdan bilmeýändigi ýüze çyksa
goýulýar.
«3-lük» baha:
– okuwçy eseri, esasan, dogry we ýeterlik aňly-düşünjeli okaýan
bolsa, ýöne:
a) sözleriň aýdylyşynda, äheňde okaýyş ýagdaýynda – jemi üç-
bäş ýalňyş goýberse;
b) ýatdan aýdanda, eseriň käbir böleklerini ýadyndan çykarsa,
emma şolary mugallymyň ýa beýleki okuwçylaryň kömegi
bilen
ýadyna salyp bilse goýulýar.
«2-lik» baha:
– okuwçy labyzsyz okaýan bolsa, mundan başga-da ýatdan aý-
danda eseri gowşak bilýändigini görkezse we ony mugallymyň ýa-da
okuwçylaryň kömegi bilen-de ýadyna salyp bilmese goýulýar.
«1-lik» baha:
– okuwçy labyzsys okaýandygyndan başga-da sözleriň
aýdylyşyny gödek bozsa, ýatdan aýdanda bolsa, eseri düýpden bil-
meýändigi belli bolsa goýulýar.
2. Çeper eseri derňew etmek boýunça okuwçylaryň jogap-
laryna baha goýmak
Edebiýatdan dilden berilýän jogaplar ýazyjynyň terjimehalyny,
çeper eseriň many-mazmunyny aýdyp bermek, eseri derňemek (eser-
däki çeper keşplere häsiýetnama
berip bilmek, eseriň
mazmunyny,
manysyny düşündirmek, eseriň gurluşyny, mazmunyny, dilini, çeper-
çiligini derňemek we ş.m.) boýunça okuwçylaryň başarnyklaryny hä-
siýetlendirmelidir.
Do'stlaringiz bilan baham: