Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkiýe XX asyryň ortalaryndan XXI asyryň başlarynda
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Türkiýe XX asyryň ortalaryndan XXI asyryň başlarynda
Ikinji jahan urşundan soňra Türkiýäniň içeri we daşary syýasatynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. 1946-njy ýylda Türkiýe köp partiýaly ulgama geçdi. Ýagny Atatürküň partiýasy bolan ―Respublikan halk partiýasynyň‖ (Cumhuriýet halk partisi) ýanyna ―Demokratik partiýasy‖ (Demokrat parti) hem goşuldy. 1950-nji ýyldaky saýlawlarda ―Demokratik partiýa‖ halkyň sesleriniň 53%-den gowragyny alyp döwleti dolandyrmaga başlady. Şol ýyl bu partiýanyň gurujylaryndan 305 Jelal Baýar Türkiýäniň 3-nji Prezidentligine saýlandy. Jelal Baýar Türkiýäniň taryhynda harby ulgamyň içinde ýetişmedik ilkinji prezidentdir. Bu döwürde Türkiýäniň taryhynda din-syýasat gatnaşyklary uly mesele boldy. Ilki bilen Ismet Inönüniň döwründe metjitde türkçe okalýan azan, arapça okalmaga başlandy. Mekdeplerde din derslerini okamaklyk mejburi edildi. Şeyle-de radioda dini programmalary ýaýlyma goýbermeklige rugsat berlipdir. Türkiýäniň premýer-minisri Adnan Menderes 7 ýyl içinde 15 müň metjidiň gurlandygyny, 86 metjidiň bolsa oňarylandygyny aýdýardy. Türkiýäniň içeri syýasatynda bu wakalar bolup ýören döwründe daşary syýasatda hem möhüm işler amala aşyrylýardy. Ikinji dünýä söweşinden soňra 1949-njy ýýlda ABŞ, Kanada, Angliýa, Fransiýa, Daniýa, Lüksemburg, Gollandiýa, Portugaliýa, Norwegiýa, Italiýa, Islandiýa we Belgiýa arasynda gol çekilen şertnama bilen NATO guruldy. NATO-nyň gurulyş maksady SSSR-e garşy blok ýaratmakdyr. Staliniň toprak islegine garşy, Türkiýe NATO girmek bilen jogap berdi. Türkiýe 1952-nji ýyldan bäri resmi taýdan NATO- nyň agzasydyr. 1960-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkiýede hökümet agdarylyşygy bolup geçdi. Netijede hökümet adamlary tussag edildiler, Premýer-ministr Adnan Menderes, daşary işler ministri we maliýe ministri dar agajyndan asyldylar. 1961-nji ýylyň iýulynda Türkiýaniň 1924-nji ýyldan bäri ulanyp gelýän Konstitusiýasy ýatyryldy we täzesi yglan edildi. 1961-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýäniň pyýada goşunlarynyň generaly Jemal Gürsel Türkiýäniň 4-nji Prezidenti boldy. Onuň döwründe 1962-nji ýylda Türkiýede Konstitusion kazyýet guruldy. Indiden beýläk mejlisiň alyp barýan işleri 306 kazyýetiň gözegçiliginde boljakdy. 1964-nji ýylda Türkiýe telewideniýe we radio edarasy (TRT) guruldy. 1966-njy ýylda Jemal Gürseliň saglyk ýagdaýy agyrlaşdy we Jewdet Sunaý Prezidentlige saýlandy. Onuň döwründe 1970- nji ýylda Stambuldaky Aziýany we Ýewropany birleşdirýän köprüniň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Jewdet Sunaýyň ýedi ýyllyk prezidentlik wagty dolanyndan soňra 1973-nji ýylda Fahri Korutürk Türkiýäniň Prezidentligine saýalandy. 1980-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkiýäniň taryhynda ikinji harby hökümet agdarylyşygy bolup geçdi. Syýasatçylaryň aglabasy tussag edildiler. 1982-nji ýylda Türkiýäniň Baş serkerdesi Kenan Ewren Prezident boldy. 1983-nji ýylda Turgut Ozal Ene Watan (Anawatan) Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling