177
«Many-tekst» meselesi diňe bir lingwistik däl, eýsem, logika-
-matematik many çykarmany hem öz içine alýar.
Awtomatik maksatnamalaşdyrmak kompýuter üçin buýruklaryň
belgilenilen ulgamyny özünde jemleýär. Sanlar we buýruklar
kodlaşdyrylan görnüşde girizilýär.
Dil biliminde matematikanyň ulanylmagy netijesinde dörän
mukdar analizi usulyýeti has-da uly üstünliklere eýe bolýar. Ýygylyk
sözlükleriniň täze-täze görnüşleri çap edilýär. Dil ulgamynyň dürli
derejelerinde matematiki statistik usullary ulanmakda çeşme
bolup
hyzmat etjek ýörite edebiýatyň ýeterlik mukdarynyň döredilmegi dil
biliminde täze mümkinçilikleri açýar. Häzir fonetika, sözüň morfe-
ma düzümi we morfologik kategoriýalar matematiki usulda öwre-
nilýär. Fonemalayň sany bilen morfemalaryň ortaça uzynlygynyň
arasyndaky baglanyşyk ýüze çykaryldy. Fonemalaryň sanynyň
morfemalaryň we sözleriň hilinde, morfemalaryň sanynyň sözleriň
hilinde şöhlelenýändigi belli edildi.
Soraglar we ýumuş:
1. Matematiki we inženerçilik dil biliminiň nähili aýratynlygy bar?
2. Maşyn terjimesiniň esasy aýratynlygy nämede?
3. Dil biliminde matematiki usullary ulanmagyň artykmaçlygyny
düşündiriň.
Do'stlaringiz bilan baham: