Umumy dil bilimi


Aleksandr Afanasýewiç Potebnýa (1835–1891)


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet113/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   109   110   111   112   113   114   115   116   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Aleksandr Afanasýewiç Potebnýa (1835–1891) görnükli ukrain 
we rus dilçisidir. Ol öz döwürdeş alymlaryndan ylmy gyzyklanmalary 
we ensiklopedik garaýşy bilen tapawutlanypdyr. A.A.Potebnýanyň 
işleri, esasan, rus grammatikasyna bagyşlanandyr. Esasy işleriniň 
biri «Rus grammatikasy boýunça bellikler» 4 tomdan ybaratdyr. Bu 
işinde rus diliniň ses gurluşy, rus gepleşiginiň günorta we demirgazyk 
aýratynlyklary,ukrain we rus dilleriniň taryhy, olaryň deňeşdirme bar-
lagy, esasy grammatik kategoriýalaryň taryhy ýaly meselelere seredi-
lipdir. Kitabyň birinji neşiri 1874-nji ýylda çap edilýär.
Mundan başga-da, A.A.Potebnýanyň ünsüni dil we pikiriň 
arasyndaky baglanyşyk çekipdir. Bu meselä bagyşlanan ilkinji işleriniň 
biri 1862-nji ýylda çap edilen «Pikir we dil» (Мысль и язык) atly işidir. 
Alekseý Aleksandrowiç Şahmatow (1864–1920) Moskwa ling-
wistik mekdebiniň wekili, görnükli rus dilçisi. Ol esasan, rus diliniň 
taryhyny, halkyň taryhynyň dil bilen baglanyşygyny öwrenipdir. 
A.A.Şahmatow lkinji gezek uniwersitetlerde häzirki zaman rus diliniň 


179
okadylmagyny girizipdir. 1925-nji ýylda neşir edilen «Rus diliniň sin-
taksisi» atly kitabynda rus diliniň grammatikasy has doly beýan edilýär.
Awgust Fridrih Pott (1802–1887) görnükli nemes dilçisi. Ol 
deňeşdirme-taryhy dil bilimini ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde 
örän uly işleri bitiripdir. A.Pottuň esasy işleriniň biri «Sanskrit, grek, 
latyn,litwa we got dilleriniň ses ulgamyna daýanmak bilen, hindi-
german dilleriniň etimologik barlaglary» atly alty tomluk kitabydyr. 
Pott hindi-ýewropa dillerinde sözüň ilkinji manysynyň gelip çykyşy 
baradaky ylmyň – etimologiýanyň düýbüni tutupdyr.
Awgust Şleýher (1821–1868) meşhur nemes dilçisi. A.Şleýher 
hindi-ýewropa dilleriniň deňeşdirme grammatikasyny öwrenmekde 
uly işler bitirýär. 1861-1862-nji ýyllarda A.Şleýher «Hindi-ýewropa 
dilleriniň deňeşdirme grammatikasynyň esasy düzgünleri» atly işini 
ýazýar. Ol slawýan we baltik dilleriniň taryhy deňeşdirmesini amala 
aşyrypdyr

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   109   110   111   112   113   114   115   116   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling